TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Nirede syýahatçy köp?

Hünärmenler syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň reýting-sanawyny düzdüler. Sanawyň ilkinji bäşliginden Aziýadaky iki şypahana bilen Ýewropadaky üç şäher ýer aldy.

Sanawyň birinji ornunda Tailandyň Phuket adasy bar. Bu ýere her ýyl 9,29 million syýahatçy gelýär. Bu bolsa adanyň her bir inedördül miline (2,59 inedördül metr) 5090 syýahatçynyň düşýändigini görkezýär.

Ikinji orunda Ispaniýadaky Palma-de-Malýorka bar. Bu ýerde her inedördül mile 2918 syýahatçy düşýär. Şeýle hem sanawyň üçünji ornunda Pattaýa (2762 syýahatçy), dördünji ornunda PariŽ (1174), bäşinji ornunda Barselona (605 syýahatçy) bar.

Şeýle hem dünýäniň meşhur syýahatçylyk merkezlerinden Türkiýedäki Antalýa 47 syýahatçy bilen 16-njy orunda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle