“Ar alyjylar” “Titanigi” “gark etdi”

“Marwel” kompaniýasynyň “Ar alyjylar: Final” atly filminiň (režissýorlary Entoni we Jo Russolar) iki hepdäniň dowamynda toplan girdejisi 2 milliard dollardan geçdi. Şeýlelikde, film bir döwrüň rekordyny goýan we wagtyň geçmegini ornuny «Awatara» beren «Titanigiň» ýygnan girdejisini hem yzda galdyrdy.

«Ar alyjylaryň» bu garaşylmadyk üstünligi barada «Titanigiň» meşhur režissýory Jeýms Kemeron şahsy Twitter hasabynda pikirini ýazdy. Onuň sözleri «Titanigiň» we «Ar alyjylar: Finalyň» nyşanynyň bilelikdäki suratynyň ýanynda ýerleşdirilipdir. Olarda şeýle sözler bar: «Kewin we «Marweldäki» ähli adamlar üçin. Buz bölegi hakyky «Titanigi» gark etdi. Meniň «Titanigimiň» gark bolmagyna bolsa «Ar alyjylar» sebäpkär. «Lightstorm Entertainment» studiýasy sizi bu üstünlik bilen gutlaýar. Siz kino sungatynyň öz meşhurlygyny hiç haçan ýitimän, barha rowaçlanyp biljekdigini nobatdaky gezek subut etdiňiz».

Ilkinji gezek 25-nji aprelde ekrana çykan we dünýäniň dürli döwletlerinde görkezilen film 11 günüň dowamynda 2 milliard 189 million dollarlyk girdeji gazandy. Umumy girdejiniň mukdary boýunça «Awataryň» rekordyny täzelemedik hem bolsa, «Ar alyjylar» gysga wagtyň içinde şunça girdeji ýygnap bilen ilkinji film hökmünde rekord goýdy. Ýeri gelende aýtsak, Jeýms Kemeronyň «Awatarynyň» girdejiis 2 milliard 788 million dollar bolupdy.

Rastgele Haberler

Türkmenistan Uluslararası Hokey Federasyonuna üye oldu

Mayıs 18, 2018 - 10:15 PM
Türkmenistan ve Kuveyt'in hokey federasyonları, Uluslararası Buz Hokeyi Federasyonu'na (IIHF) oybirliğiyle kabul edildi. Bu günler Danimarka’nın başkenti Kopenhag’da Dünya Hokey Şampiyonası gerçekleştirilmektedir. Bu şampiyona kapsamında IIHF olağan Kongresi düzenlendi. Kongrede Türkmenistan ve Kuveyt federasyonunun üye kabulü gündeme getirildi ve kongre katılımcıları iki yeni ülkenin katılımı için oy kullandılar.
Daha fazla oku

Ýene 8 ýyldan Hindistan...

30, 2019 - 7:49 AM
BMG Ýer ýüzüniň ilat sany barada 18-nji iýunda beren maglumatynda aýdylyşy ýaly, biziň sanymyz öňdäki 30 ýylyň dowamynda ýene 2 milliard adam köpelip, 9,7 milliarda ýetmegimiz mümkin. Asyryň ahyryna çenli bolsa Ýer ýüzünde 11 milliard adam ýaşar.
Daha fazla oku

Rusya’da Türkmen okulu açıldı

Mayıs 19, 2018 - 7:18 PM
Rusya Federasyonu Astrahan Bölgesinde Türkmen okulu hizmete açıldı. 190 öğrenci kapasiteli okul, Astrahan’ın çok sayıda yerel Türkmenlerin yaşadığı Funtova kasabasında inşa edilen okulun açılış törenine; Astrahan Valisi Aleksadr Jilkin, Türkmenistan Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı ve Dışişleri Bakanı Raşid Meredov, Rusya Dışişleri Bakan Yardımcısı Grigori Karasin, Rusya Eğitim ve Bilim Bakan Yardımcısı P. Zenkoviç ve diğer davetliler katıldı.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *