Diplom Ykrar Etdirmek Üçin Zerur Resminamalar

  1. Arza (bellenen nusga boyunça) - 2 sany (el ýazuwynda);
  2.  Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
  3. Bellenen nusga boyunça özi barada maglumat (nusga boyunça) - 2 sany
  4. 4 sany 3x4 fotosurat
  5. Görkezilen nusga boyunça okuw mekdebiniň  resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama1  (türkmen diline terjimesi bilen) - 2 sany (аsyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk yurtlarda berlen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
  7. Türkmen diline resmi terjime edilen diplomyň goşundysynyň (ya-da Diploma Supplement) - 2 sany göçürmesi;
  8. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiýasynyň (terjimesi bilen) okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan- 2 sany nusgasy.
  9. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
  10. Okuw mekdebini okuw döwründe ilki okan ýerinden akademik kepilnama getirmeli (terjimesi bilen)- 2 sany  (akademik kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
  11. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri-2 sany
  12. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri-2 sany
  13. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykyşlary barada (nusga boýunça) düşündiriş;
  14. Bir sany papka (20sany faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
  15. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli (iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
  16. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy- 2 sany.

 

  • Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusgada bolmaly.
  • Resminamalar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda terjime etdirilip bilner. Resminamalaryňyzyň terjimeleriniň dogrylygyny özbaşdak barlamagyňyzy haýyň edýäris. Bilim ministrligi nädogry edilen terjimelerden ýüze çykýan ýalňyşlyklar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
  • Resminamalary tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamasynyň) we diplomyň goşundysynyň kepilnamalaryň asul nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.

 

                  _________________

 

                  Aşakdaky maglumatlar görkezilen güwanama (arhiw kepilnamasy);

  • Arhiw kepilnama Ýokary okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan;
  • Okuwa kabul edilendigi. Her okuw ýylyndan soňky okuw ýylyna geçirilendigi we okuwy tamamlandygy barada belgisi we senesi görkezilen ýokary okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar. Buýruklaryň ýanynda okan döwründe okuwyň haýsy görnüşde (gündizki, gaýybana, agşamky) amala aşyrylandygy.
  • Okuw hünäri boýunça okuwyň (gündizki, gaýybana, agşamky) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti (4 ý, 5ý, 6 ý,)
  • Diplomyň (şahadatnamanyň seriýasy, san belgisi, berlen senesi.
  • Güwanama okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň (rektoryň ýa-da prorektoryň) goly bilen tassyklanan, GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan bolmaly (türkmen diline resmi terjimesi-2 sany)

 

Mahabat

Daşary ýurt diplomyny tassyk etmek üçin resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň :

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *