Iň uzyn saçly erkek Hytaýda ýaşaýar

Hytaýyň Siçuan welaýatynyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Ake Içžen döwürdeşlerimiziň arasynda iň uzyn saçly erkek kişidir. Onuň saçynyň uzynlygy bäş ýarym metre ýetýär.

Hytaý metbugatynyň ýazmagyna görä, ol saçyny iň soňky gezek mundan 23 ýyl ozal gysgaltdyrypdyr. Esasan, ybadat bilen meşgullanýan Ake Içžen uzyn saçyň işleriň ugrukmagyna täsir edýändigini eşidip, şondan soň saçyny gysgaltdyrmagyny bes edipdir. Bu gün bolsa ol dünýäniň iň uzyn saçly erkek kişisi.

Elbetde, sekizinji onlugy tegeläp barýan ýaşula beýle uzyn saça ideg etmek ýeňil düşenok. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, hepdede iki gezek şäheriň iň görnükli sertaraşlary onuň saçyny ýuwmak we daramak üçin gelýärler. Munuň üçin olar her gezek üç sagat wagtyny sarp etmeli bolýarlar.
 

Rastgele Haberler

“Amul-Hazar 2018”: Tarihi Kaleler :2

Eylül 6, 2018 - 8:19 AM
Amul-Hazar 2018 vesilesiyle hazırladığımız yazı dizimize büyük ilgi oldu. Bugün yazı dizimizde Tarihi İpek Yolu güzergâhındaki kaleler hakkında kısa bilgiler vermeye devam ediyoruz. Yazılarımız www.atavatan-turkmenistan.com sitesinde yayınlanmaktadır.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *