Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejesindäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň netijeli guraly, iki ýurduň milli we sebitleýin wezipelerini hasaba almak bilen gatnaşyklary giňeltmegiň guraly bolup hyzmat edýär.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, söhbetdeşler gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýola goýulmagyna we ýokarlandyrylmagyna, şol sanda işewür toparlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň köp babatda özara haryt dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna şert döredýändigini bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň wajypdygyny belläp, iki döwletiň Baştutanlary bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar. Munuň özi türkmen we gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklarynyň netijesidir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara ugurlarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklandy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň açyklyk we özara düşünişmek esasynda ösüşiň täze derejesine çykarylandygyny aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Rastgele Haberler

Dünýäniň iň ýaşuly saýlawçysy bellige alnar

Ocak 18, 2019 - 8:13 AM
«Euronews»-yň habar bermegine görä, şu ýylyň 31-nji martynda Türkiýede Ýokary saýlaw guramasy (ÝSK) tarapyndan saýlawlar geçiriler. Kaýseri şäheriniň saýlawçylarynyň arasynda ady görkezilen Aýşe Ekiji bu saýlawlarda diňe bir Türkiýäniň däl, tutuş dünýäniň iň ýaşuly saýlawçysy hökmünde taryha girer. Häzir ol 165 ýaşynda.
Daha fazla oku

Aýda ekilen pagta doňdy

Ocak 22, 2019 - 6:19 PM
Ozalky täzeliklerimiziň birinde Hytaýyň «Chang’i 4» älem gämisiniň Aýyň «tümlük» tarapyna gonandygyny habar beripdik. Dünýäniň internet saýtlarynda birki günlükde çykan habarlarda bolsa älem gämisiniň Aýa ýöne bir «myhmançylyga» baryp
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *