Görogly ýaşly ene – 120-nji täze ýylyny garşylady

Uzak ýaş. Manyly ömür. Ajap döwran. Daşyňy gallap duran agtyk-çowluklaryňa buýsanmak...bulara ýetesi bagt barmy, eýse?! Ýurdumyzyň çar künjünde hem şol bagtdan paýly birnäçe kümüş saçly enelerimiz bar. Häzirki wagtda 100 ýyldan gowrak ýyly arkasyna atan eneleriň 75 göterimi Daşoguz welaýatynda ýaşaýar. Ol ýerde 100 ýaşdan geçen mährem ynsanlaryň 42-si bar. Alnan hasaba görä, welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Ak altyn  geňeşliginde ýurdumyzyň iň uly ýaşly enesi bar. Ol Toty Esenowa, 2019-njy ýylda 120-nji täze ýylyny garşy alan ene. Diýmek, üç asyry gören. Biler bolsaňyz, türkmen halkymyz doglan gününi toýlaýanlara «Göroglyň ýaşyny ýaşa» diýip, ýagşy dileg edýärler. Ine, şol arzuwlaryň wysalyny Toty enemizde görmek bolýar. Galyberse-de, «Türkmenistan» gazetiniň habarlaryna görä, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginde ýaşaýan Döndi Berdibaýewa 2019-njy ýyl 112-nji ýaşy peşgeş berer.  

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan Ajapsoltan Hajyýewa, nesip bolsa bu ýyl 119 ýaşaýar. Ýene bir bellemeli zatlaryň biri – Ajapsoltan eje häzirki wagtda birnäçe çowluk gören 85 ýaşly ogly Ata we gelni Täzegül bilen agtyk-çowluklaryna buýsanyp, durmuş ýoluny dowam etdirýär. Ajapsoltan ejäniň 28 agtygy, 67 çowlugy, 30 ýuwlugy bar.

 Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýaşaýan Annabagt Annalyýewa hem bu ýyl 107 ýaşy arka atýar. Ol welaýatyň çäginde iň ýaşuly ynsandyr. Iki ogul, dört gyzy kemala getiren Annabagt ejäniň häzirki wagtda 27 agtygy, 37 çowlugy bar.

 Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň pensiýa gaznasy müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň 8-nji martynda 107 ýaşyny doldurjak Aýbibi Resulowa welaýatyň çägindäki iň ýaşuly raýatdyr. Ol Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasynyň ýaşaýjysy. Bu günki günde Aýbibi ejemiz agtyk-çowluklaryna buýsanyp, döwletli döwranda bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

 Ýaşuly enelerimize täze ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Mähriban ildeşler! Siziň ähliňize şol mähriban enelerimiziňki ýaly uzak ýaş, manyly ömür arzuw edýäris. Bize hem geljekde «Göroglyň ýaşyny ýaşan» raýatlarymyzyň diňe biri däl-de, birnäçesi bilen didarlaşmak bagty miýesser etsin!

Rastgele Haberler

Altyn Asyr Köli – Sebit Üçin Täze Mümkinçilikler

Mayıs 8, 2019 - 10:20 PM
2019-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde brifing geçirildi. Bu çäre «Altyn Asyr» Türkmen kölüni jemgyýetçilige tanatmak, onuň tebigaty goramak we Türkmenistanyň hem-de
Daha fazla oku

Oguzlaryň-türkmenleriň sargyt bilen ýazdyran kitaplary

Ağustos 5, 2019 - 12:10 AM
Bu meselä türkmen ylmynda ilkinji bolup üns beren zehinli arapşynas alym N.B.Halymow (1942–2005) bolupdy [12,C.19–24]. Ýöne ol ony san taýdan hem, hronologik jähtden hem doly beýan etmändir. Sargyt boýunça özlerine gerek bolan kitaplary döretmek oguz-türkmen durmu-
Daha fazla oku

Finlandiýa ― hokkeý boýunça dünýä çempiony

Mayıs 28, 2019 - 8:55 PM
Slowakiýada hokkeý boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Çempionlyk ugrundaky aýgytly duşuşyk Finlandiýanyň we Kanadanyň milli ýygyndylarynyň arasynda boldy. Duşuşyk 3:1 hasabynda fin hokkeýçileriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Finlandiýanyň ýygyndysy taryhda üçünji gezek (1995, 2011 we 2019-
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *