Belgiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Bert Şufs bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä baýramçylyk çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäginde, ýa-da bolmagy mümkin bolan saparlaryň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belgiýanyň Premýer-ministriniň duşuşyklaryny gurnamak mümkinçiliklerine seretdiler.  

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň çäginde yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de indiki geňeşmeleri 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirmek mümkinçiligine seredildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Belgiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi teklip etdiler.

Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende, taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşygy ýola goýmak meselesine hem seretdiler. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda we Belgiýada dürli medeni çäreleri gurnamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rastgele Haberler

Hytaýda dron şüweleňi

6, 2019 - 11:23 PM
Dron kameralary durmuşymyza şeýle bir ornaşdy welin, olar indi has köp dürli maksatlar üçin ulanylýar. Hytaý bolsa, gürrüňsiz «Ganatly kameralaryň» iň köp öndürilýän we ulanylýan döwletleriniň hatarynda. Ýakynda ýurduň Halkara
Daha fazla oku

Hindistan G-20-niň mejlisini kabul eder

Ocak 14, 2019 - 8:57 PM
Bütin dünýäde öndürilýän önümiň 90, söwdanyň 80 göterimi, dünýä ilatynyň bolsa üçden iki bölegi, yklymlaryň tutýan meýdanynyň deň ýarysy G-20-ä, ýagny Ýer ýüzüniň iň ösen 20 döwletine degişlidir. Olaryň däbe öwrülen mejlisi dünýä ykdysadyýeti bilen bagly köp sanly çözgütleriň kabul edilýän ýerine öwrüldi
Daha fazla oku

WHO European High-Level Conference

Nisan 9, 2019 - 9:13 PM
On the 9th of April 2019, the WHO European High-Level Conference on Non-Communicable Diseases “Meeting non-communicable disease targets to achieve the Sustainable Development Goals in Europe” has started in the “Yildiz” hotel of Ashgabat city.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *