Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri

2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça tegelek stoluň başyndaky gepleşikler geçirildi. Tegelek stoluň işine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary E.Annamuhamedow, DÖM-ň durmuşa geçirilmegi ýurduň ykdysady ösüşiniň öňdebaryjy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny we bu işlere döwlet baştutanymyzyň aýratyn üns berýändigini belledi.

2018-nji ýyl ydysadyýet, durmuş ulgamy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly üç sany wajyp strategiki ugurlarda ortamöhletli mümkinçilikler boýunça Türkmenistan tarapyndan gazanyljak DÖM-ň 169 sany maksatlaryndan 148 sanysynyň durmuşa geçirilmegi üçin berk esas goýandygy bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyrjysy Ýelena Panowa ulgamlaýyn esasdaky yzygiderli özarahyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň durnukly ösüşiň esaslaryny geljekgi 15 ýyl üçin saýlan sebitdäki ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Ol öz çykyşynyň dowamynda Meýletin milli hasabatyň düzümi we ony taýýarlamak üçin maslahat beriji ädimler barada aýtdy.

Şeýle hem «DÖM gazanmak boýunça hasabatlylygyň görnüşleriniň nusgasy we seljerme hatynyň taýýarlanylmagy boýunça metodologiki tabşyrmalar» we «Türkmenistan tarapyndan kabul edilen DÖM-ň görkezijileriniň ölçegleriniň metodologiýasynyň nusgasy we olaryň elýeterliligi» diýen temalarda çykyşlar boldy.

Gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar DÖM-ň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetdäki we jemgyýetdäki görkezijilerini kämilleşdirmeklige gönükdirilendigi sebäpli, DÖM-ň Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň işi – bu monitoring we bahalandyrmak meselesine aýratyn orun berilýän utgaşdyrylan ulgam bolup durýandygy barada aýtdylar.

Rastgele Haberler

AGİT’ten televizyon finansmanı konusunda seminer

12, 2019 - 1:45 AM
5-6 Haziran 2019 tarihlerinde Avrupa Güvenlik İşbirliği Teşkilatı (AGİT) Aşkabat'ta “21. Yüzyılda Televizyon Finansman Modelleri” başlıklı bir seminer düzenledi. Seminer, İngiltere ve Ukrayna'dan davet edilen uluslararası uzmanlar tarafından kamu ve özel televizyonlarının temel prensiplerini ve geleneksel finansmanına yönelik bilgi paylaşımı gerçekleştirildi.
Daha fazla oku

Aşkabat’ın İlk Karı Yağıyor

Aralık 13, 2017 - 12:16 PM
Türkmenistan’ın Başkenti Aşkabat’ta yılın ilk karı yağıyor. Kış sezonun gelmesi ile havaların soğumaya başladığı Aşkabat’ta sezonun ilk karı bugün öğleye doğru yağmaya başladı. Ak şehir Aşkabat olarak da bilinen Türkmen Başkentinde beyaz kar, Aşkabat’ın güzelliğine güzellik katıyor. Kar daha yeni yağmaya
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *