Döwlet migrasiýa gullugynda ÝHHG wekili bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd  bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Türk­me­nis­tan bi­len äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mundan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Şeýle hem bu gu­ra­ma­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär hem-de ony hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. Mu­nuň özi se­bit­de parahatçy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm şer­ti bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­ma­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da ýur­du­my­zyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar adam hukuklaryna degişli ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça köpýyllyk netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. 

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdürüljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Rastgele Haberler

Nurym Askanow: “Türkmen topragy – Ene topragym”

Aralık 1, 2018 - 10:04 PM
Güýzüň ahyrky gününde ýene-de bir täsin waka. Gazagystanyň medeniýet günleri şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýärdi. Sungat ussatlarynyň taýýarlyk görýän ýerinde birsalym säginenimizem şoldy welin, ýanymyza gazagystanly aýdymçy ýigit geldi. Tanyş bolduk. Nurym Askanow, Gazagystanyň milli aýdym-saz toparynyň aýdymçysy eken.
Daha fazla oku

Ростех: Газотурбинные двигатели НК-14ст

Mart 8, 2019 - 2:20 AM
Объединенная двигателестроительная корпорация (ОДК), входящая в Ростех, стала победителем тендера на поставку в Туркменистан газотурбинных двигателей (ГТД) промышленного назначения. Наряду с уже зарекомендовавшим
Daha fazla oku

1 ýewrodan öý satylýar

Mayıs 16, 2019 - 11:11 PM
Italiýan Sisiliýa adasynda ýerleşýän Mussomeli şäherçesiniň meri Juzeppe Kataniýa taryhy merkezdäki öýleri daşary ýurt raýatlaryna 1 ýewrodan satmak kararyna geldi. Ýöne häkimiň bir şerti bar: öýleri satyn alan adam ony gowy
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *