«Tepe Türkmen» eksport harytlarynyň sergisinde

Düýn  paýtagtymyzdaky Söwda we senagat edarasynda 15 – 17-nji dekabar aralagynda dowam etjek Türkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ol ýerde Türkiýe döwletinde hereket edýän birnäçe hususy firmalaryň wekilleri alyp barýan işleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyş etdiler. Ol ýerde biz hem şol wekiller bilen söhbetdeş bolup, işleri bilen doly tanyşdyk. Şolardan käbirlerini  saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris. Söhbetdeşlikde «Tepe Türkmen» firmasynyň maliýe bölüminiň müdiri Yavuz Tercan.

 – «Tepe Türkmen» firmasynyň Türkmenistanda ýerleşýän ýeri nire we ol bu ýerde näçe ýyldan bäri hereket edýär?

 – Biz Türkmenistana 2012-nji ýylda gelipdik. Şondan soň hem bu ýurduň bäş welaýatyna-da, has takygy, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynda, Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Beýik Türkmenbaşy etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 50 müň tonnalyk elewatorlary gurduk. Mundan başga-da Ahal welaýatynyň Babadaýhan ettrabynda, Mary welaýatynyň Garagum etrabynda hem 30 müň tonnalyk elewatorlary gurduk we olar häzirki wagtda iş ýüzünde ulanylýar.  2015-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, aýna fabriginiň gurluşygyna başladyk. Şu ýylyň fewralynda hem onuň açylyş dabarasy boldy.

 

– Firmanyň merkezi Türkiýäniň haýsy şäherinde?

– Firmamyzyň düýp merkezi Türkiýäniň Ankara şäherinde ýerleşýär.

– Häzirki wagtda «Tepe Inşaatyň» dünýäniň haýsy ýurtlarynda bölümçeleri bar?

–  Esasy 3 döwletde, ýagny Russiýada – «Tepe Russiýa», Türkmenistanda – «Tepe Türkmen»», Amerikada – «Tepe USA». Galyberse-de, dünýäniň 14 döwletinde bölümçeler bolup, olar bilen işler dowam edilýär.

        – Beren maglumatllaryňyz üçin sag boluň! Işleriňizde üstünlikler ýar bolsun!

        – Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

žurnalynyň habarçysy.

Rastgele Haberler

Her sene 1.2 milyon ton gübre ihracat

Mart 31, 2017 - 10:34 PM
Bugün Türkmen ve Belarus Devlet Başkanlarının katılımıyla Garlık madencilik ve işletme tesisi hizmete açıldı. Tesisin temeli 19 Haziran 2009 senesinde Türkmenistan ve Belarus Devlet Başkanlarının katılımıyla atılmıştı. Garlyk madencilik ve işleme tesisi, dünyanın en
Daha fazla oku

Benzin üreten tesisin açılışına hazırlanılıyor

Nisan 6, 2019 - 3:21 PM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov başkanlığında video-konferans bağlantılı Bakanlar Kurulu toplantısında ülkenin güncel gündemi değerlendirildi. Toplantıda, dünyanın en büyük Gas to Gasoline (GTG) adını taşıyan doğalgazdan benzin üreten tesisindeki test denemeleri, madencilik ve metalurji endüstrisinin geliştirilmesine yönelik projeler ele alındı.
Daha fazla oku

Kazak kültürü Türkmenistan’da tanıtıldı

Kasım 30, 2018 - 2:05 PM
Türkmenistan’ın başkenti Aşkabat’ta Kazakistan Kültür Günleri etkinlikleri düzenlendi. Söz konusu etkinlik, Kazak kültürünün Türkmenistan’da tanıtılması açısında ayrı bir önem taşıdı. Ayrıca, iki komşu ülkelerin arasındaki kültürel bağların güçlendirilmesine katkı sağladı.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *