TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Netflix” yzda galdy

“Walt Disney” kompaniýasynyň “Disney +” sanly ýaýlym platformasy abonentleriniň sanyny 152,1 milliona çenli artdyrmak arkaly “Netflix”-den öňe geçendigi habar berildi.

Ýaýlym platformalarynyň arasyndaky bäsleşigiň täze lideri 152,1 million abonenti bolan “Disney +” boldy. “Walt Disney” kompaniýasynyň beýanatynda abonentleriň sanynyň garaşylýandan has köpdügini we “Netflix”-i yzda galdyrandygyny aýtdy.

Soňky 10 ýylda ilkinji gezek “Netflix” ýaýlym platformasynyň abonentleriň sanynyň azaldy. Şol bir wagtda “Disneý +” platformasynyň ABŞ-da abonentleriň sanynyň 14,4 million artandygyny mälim edildi.

Soňky üç aýda takmynan 1 million abonentini ýitiren” Netflix”-iň abunaçylarynyň sany 220,67 milliona barabardyr. “Hulu” we “ESPN + ” abonentleri dünýäniň iň uly sanly platformasy bolan” Disneý +” abonentlerine goşulmagy bilen “Walt Disneý” jemi 221,1 million abonente ýetdi.

“Disney +” platformasynyň köp ýurtda hyzmat berip başlandygy üçin abunaçylarynyň sany 5 göterim artdy.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle