Türkmen okyjylarynyň arasynda Eziz Nesini tanamaýany ýokdur. Onuň adyny eşideniňden birhili mylaýym duýgulara gaplanyp, ýylgyranyňy duýman galýarsyň.

Eýsem, Eziz Nesiniň eserleri, hakykatdanam, satira, ýumora ýugrulanmydy? Bärde oýlanara, jedelleşere esas ýok. Ol dünýäde satiraçy ýazyjy hökmünde tanalýardy, şeýle ýazyjy hökmünde-de edebiýatyň taryhynda galypdy.

Ýöne Eziz Nesiniň satiriki hekaýalarynyň aglabasynda diýen ýaly nähilidir bir gussaly äheňem duýulýardy. Muňa satira garnuwly gussa diýmek mümkin. Şeýle bolansoň, bu eserlere arassa satira diýmäge diliň baranokdy. Gülki bilen gussa sepleşensoň, üýtgeşik bir žanr emele gelýärdi. Gahrymanlara hem gülkiň tutýardy, hemem olaryň gelşiksiz ahwalatyna nebsiň-janyň agyrýady. Umuman, nowella pisint eserler. Men bärde, esasan ýazyjynyň hekaýalarynyň gürrüňini edýärin. Sebäbi onuň döredijilik örüsi gaty giňdi. Ol romanam, powestem, poema-da, çagalar üçin eserleri-de… döredipdi. Bularam bir özbaşyna gürrüň. Gepiň gerdişine görä aýtsak, olam ýazyjylaryň aglabasy ýaly, döredijilige goşgy ýazmakdan başlapdy.

Aslynda Eziz Nesiniň özi-de satiraçy ýazyjy bolaryn öýdüp küýüne-de getirmändi. Ol ilkinji ýazan hekaýasyny okyjylar gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp okar öýdüpdi. Şeýle niýet bilenem hekaýasyny žurnala hödürläpdi. Hatda hekaýany okan redaktoram aglamaga derek hahahaýlap gülüp, şeýle diýipdir: «Aperin… Ajaýyp eser. Höwri köp bolsun, ýene şular ýaly hekaýalary ýazyp, bize getirip dur!».

Şu babatda Eziz Nesiniň özi şeýle ýatlaýar: «Meniň ýazan hekaýalarymy okan adamlar gözýaşa boglar diýip pikir edýärdim, aglamak nire — birew nire? Gaýtam gülüşýärdiler. Hatda häzir degişmeçi ýazyjy hökmünde tanalsamam, gülki-henegiň nämedigini düşündirmekden ejiz gelýärin. Ynanmarsyňyz, öz ýanymdan gussaly hekaýalary ýazýandyryn öýdýärdim, ýöne, tersine, okyjylary güldürsem nätjek? Menden degişme hekaýalary nädip ýazýarsyň diýip zol-zol soraýarlar. Şeýle sowallar arkaly, mümkin, elinjek jogaba garaşýandyrlar? Mende welin onuň «dermany» ýok. Ýöne öz tejribäme salgylanyp, şuny-ha magat aýdyp biljek: degişme oýun-oýunjak pişe däl…».

Eziz Nesiniň gaty köp eseri türkmen diline geçirildi. Birneme irräk döwürde Berdi Kerbabaýew, Mäti Kösäýew, Nurmyrat Esenmyradow… dagy meşhur türk ýazyjysynyň hekaýalaryny terjime etdi. Şondan soňrak bu işi Gurbannazar Ezizow, Nobatguly Rejebow, Atamyrat Atabaýew, Kakabaý Gurbanmyradow, Rejepmyrat Durdyýew… dagy dowam etdirdi.

Eziz Nesin meniňem söýgüli ýazyjylarymyň biri. Baryp oglan döwrümden bäri onuň eserlerini ürç edip okaýardym. Öz ýanymdanam: «Menem şular ýaly ýazyjy bolup bilermikäm, menem şuňky ýaly hekaýalary döredip bilermikäm?» diýip, onuň döredijiligine gözüm gidýärdi.

Elbetde, Eziz Nesin ýaly ýazyjylar dünýäde barmak basyp sanaýmaly. Ýöne oňa meňzejek bolmak, ondan görelde aljak bolmak, elbetde, aýyp zat däl. Ýagşa ýaran bolmak hemme kişiniň arzuwy. Eýsem, türkmen satiraçy ýazyjylarynyň arasynda Eziz Nesin bilen deň depreşýäni-hä diýmäýin, ýöne golaýragyndan tozadýany beri barmyka? Ähli ýurtda bolşy ýaly, satiraçylar biziň ýurdumyzda-da üýşüp ýatanokdy. Keltejikden maňyzly, hem agladýan, hem güldürýän eserleri ýazyp, okyjylaryň göwnünden turaýmak her kese başardaýanok. Tanaýan satiraçy ýazyjylarymy ýatlap geçeýin: Aşyrberdi Kürt, Berdimuhammet Gulow, Döwlet Esenow, Durdy Baýlyýew, Gurbangylyç Hydyrow. Şularyň arasynda Berdimuhammet Gulowyň döredijiligi azda-kände Eziz Nesiniňkä golaýrakdy. Olam türk ýazyjysy ýaly, hekaýalaryndaky wakalara gussarakdan gülküliräk äheňleri çaýmagy başarýardy. Onuňam eserleri nowella pisintdi. Şunam ýörite nygtasym gelýär. Belli bir döwürde Berdimuhammet Gulowa: «Türkmeniň Eziz Nesini» diýipdiler. Beýle sözler öňýeten satiraçy ýazyja rowa görülmeýär. Şemal öwüsmese, çöp başy gymyldamaýar. Dogrusy, özüm-ä Berdimuhammet Gulowyň hekaýalaryny hezil edip okaýaryn, ondanam, Eziz Nesindenem köp zat öwrenmek mümkin. Men bularyň ikisini-de halypam hasaplaýaryn.

Gönimden gelsem, şu ýazgymy, esasan, Eziz Nesin bilen baglanyşdyrasym geldi. Ýöne, näme üçindir, çygyrdan çykýanymy özümem duýman galýaryn. Sebäbi türkmen satiraçylary, aýratynam Berdimuhammet Gulow baradaky käbir wakalar ýa-da düşýär-de, olary okyjylar bilen paýlaşman durup bilmeýärin.

Berdimuhammet Gulowa: «Türkmeniň Eziz Nesini» diýilmeginiň aňyrsynda köp zat ýatyr. Ol wakalary gyzykly, çeper beýan etmegi başarýar. Iň esasy-da hekaýalarynda baý türkmen dili bal ýaly, şirin-şeker ýaly akyp gidýär. Çeper dil diýilýän hemmelere ýetdirip duranok. Süýji dilli ýazyjylaram beýle bir köplük edip baranok. Görnükli ýazyjymyz Gurbandurdy Gurbansähedowam Gulowyň döredijiligine aýratyn hormat goýardy. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlarynda Gurbandurdy aga «Edebiýat we sungatyň» baş redaktorydy. Berdimuhammet Gulow dagymyz hem şol ýerde işleýärdik. Baş redaktor: «Berdi bir zat ýazsa, edil aýdym ýaly!» diýip, onuň hekaýalarynyň arkasyna gol goýup, olaryň tizräk okyjylara ýetmeginiň aladasyny ederdi. Bu wakalary tötänden ýatlamok. B. Gulowyň döredijiliginden biziň ýaşlarymyza häzirem öwrenere zat kän. Ol çeper terjimäniňem ussady. Ýöne, dürli sebäplere görä, oňa göwrümli eserleri türkmençä geçirmek nesip etmedi.

Indi ýene Eziz Nesine dolanalyň. Soňky döwürde kemala gelen döredijilik işgärleriniň köpüsi dünýä belli türk ýazyjysynyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýylynda Türkmenistana geleninden, megerem, bihabardyr.

Hawa, ol Aşgabada gelipdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyna onçakly köp wagt geçmändi. Has dogrusy, 1991-nji ýylyň dekabr aýydy. Garaşsyzlygymyzy mübäreklemek üçin doganlyk Türkiýeden medeniýet işgärleri gelipdi. Şolaryň arasynda öz eserleri bilen türkmen okyjylarynyň söýgüsini gazanan meşhur Eziz Nesinem bardy. Ol Türkmenistanyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet bolanyna halys ýürekden begenipdi, ony elin gutlamak höwesi bilenem ýörite Aşgabada gaýdypdy, türkmenleriň begenjine goşulasy gelipdi. Şol gyş günleri iş otagymda otyrdym. «Edebiýat we sungatyň» jogapkär kätibidim. Ýanyma köne dostlarymyň biri, şahyr hem-de terjimeçi Kakabaý Gurbanmyradow geldi. Ol Eziz Nesiniň «Posly demir bölegi», «Şermendi haçan doguldy», «Ýaşlykda barymyz poeziýaň ýesiridik», «Gargalaryň saýlan patyşasy» ýaly hekaýalaryny türkmen diline geçiripdi. Olar şowly çykan, okyjylara ýaran terjimelerdi.

Salamlaşdyk, hal-ahwal soraşdyk. Soňra Kakabaý habaryny berdi:

— Çary, eşitdiňmi ýa eşitmediňmi, bilemok, Aşgabada Eziz Nesin geldi. Ertir ýanyna barmakçy. Meýliň bolsa, bile gideli. Senem Eziz Nesiniň hekaýalaryny terjime etdiň ahyry. Niçik, makulmy?

Dogrusy, birbada kürtdürdim. Men nire, Eziz Nesin nire? Ady dünýä dolan ýazyjy! Biz onuň ýanynda balajadyk. Onsoňam, Eziz Nesin bilen gürrüňimiz alşarmy? Dünýägaraýşy giň adam, biziň dünýägaraýşymyzam darrak, döredijiligimizem ýöntemje. Onuň bilen azy ýaran, atly-abraýly ýazyjylar duşuşsa, göwne laýyk göründi. Çynymy aýtsam, meşhur ýazyjydan sussumam basylman duranokdy. Ýöne onuň hekaýalaryny terjime edenimem hakykatdy. Şol eserler many babatda-da, göwrüm babatda-da juda uludy. «Watan öňündäki borç», «Tarzanyň eýesi kim?» atly hekaýalaryň ikisi tas 4-5-nji sahypalary eýeläpdi. «Äýnek», «Möhüm tabşyryk» atly hekaýalar göwrümi boýunça biraz kelteräkdi. Şonda-da bu iki hekaýa-da gazetiň tas bäşinji sahypasyny eýeleňkirläberipdi. «Şa täjiniň mirasdary towşan hakynda» atly terjimäm has irräk döwürde çykypdy. Bäş hekaýa! Az-küş zat däl.

Ýalan sözlemäýin. Kakabaýyň ýanynda Eziz Nesin bilen duşuşmaga ýaýdanýandygymy gönüläp aýdyp bilmedim. Sypaýyçylyk edip, ertir gazetiň indiki sanynyň düzülýän günüdigini, jogapkär kätibiňem şonda dim-dik duraýmalydygyny düşündirdim. Ýygralygym gursun! Duşuşmanyma indi-indiler ökünip, aňyrsyna çykyp bilemok. Kakabaýam köne gazetçi (ol şol döwürde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda işleýärdi). Ýagdaýa düşündi. Men ondan gaýrat edip, ertir irden redaksiýa degip geçmegi haýyş etdim hem-de Eziz Nesiniň hekaýalarynyň çykan gazetlerini tapyp goýjagymy aýtdym. Hakykatdanam, şeýtsek, biziňem uly ýazyja hormat goýdugymyz boljakdy. Kakabaýam Eziz Nesiniň «Şermendi haçan doguldy» atly türkmençe kitabyny gowşurmakçydygyny ýaňzytdy. Şol ýygyndyda onuňam terjimeleri bardy. Garaz, Kakabaý ertesi geldi. Gazetleri alyp gitdi. Soň bir öwrümde duşuşan mahalymyzam Eziz Nesiniň salamyny gowşurdy, ol terjime hekaýalarym üçin maňa minnetdarlyk bildiripdir.

Kakabaý Eziz Nesin bilen duşuşykdan kän täsir alana meňzeýärdi. Ol belli ýazyjy bilen baglanyşykly bir ýerde  bir zat bilýän bolsa, barysyny gürrüň berdi:

— Moskwada çykýan gazetleriň birinde Eziz Nesiniň aýaly bilen söhbetdeşligi okapdym. Habarçy onuň aýalyna: «Äriňiz şeýle şoh, şadyýan adam bolsa gerek? Ýazýan zatlaryny okanyňda şeýle pikir döreýär» diýen soragy berýär. Şonda aýaly oňa: «Goýsaňyzlaň, men-ä dünýäde şondan tutuk, domma adam bardyr öýdemok» diýip jogap beripdir. Dogrudanam, Eziz Nesin agras adam eken. Ikimiz myhmanhanadaky otagda iki sagada golaý çaý başynda gürrüňdeş bolduk. Oňa seň terjimeli gazetleriňi, şonuň ýaly-da, öz terjimelerim ýerleşdirilen türkmençe kitabyny hem-de rus dilinde çykan kitaplaryndanam ikisini sowgat berdim. Olam maňa türkçe kitabynyň birine ýadygärlik ýazgysyny ýazyp berdi. Şonda ol özüniňem ata-babalarynyň türkmendigini dilinden sypdyrdy.

Kakabaýyň gürrüňlerinden esasy ýatda galan — Eziz Nesiniň asly gelip çykyşynyň türkmenlerden gaýdýandygy! Şol türkmen damary-da ony Türkmenistana çekipdir. Ol: «Men ata Watanyma geldim» diýipdir. Ondan: «Ilki bilen niräni göresiňiz gelýär?» diýip soranlarynda: «Berdi Kerbabaň öýüni göresim gelýär!» diýipdir. Türkmen bilen türk halkynyň kökem bir ahyry. Dilimizde düşünişmegem beýle bir kynam däl. Däp-dessurlarymyzda-da meňzeşlik kän. Taryhymyzda-da baglanyşyk bar. Bize iki döwlet — bir halkam diýipdiler. Şonda-da Eziz Nesiniň aňyrsynyň türkmen asylly bolmagy onuň bize has ýakynlygynyň alamatydy. Hawa, ol Türkiýäni dünýä tanadan beýik ýazyjydy. Munda, megerem, türkmeniňem paýy bardyr.

Eziz Nesin bilen Kakabaý Gurbanmyradowdan başga-da birnäçe türkmen ýazyjy-şahyrynyň duşuşandygy ýadymda.

Men ýöwselligiň netijesinde bu ömürlik hakydada galjak duşuşykdan binesip galypdym. Ýöne adam bar — adam bar. Käbiri gapydan çykarsaň — äpişgeden girýär. Körzehinräk, ýöne çemeçi, ýüzi galyň biri bardy. Başardygyndan satira-ýumor joşan bordy. Dili gijäp duranlar-a oňa: «Özi ýazyp, öz ýazanlaryna-da diňe özi gülüp ýörenem» diýýärdi. Ine, şol özi ýazyp, özi gülüp ýören hiç bir ikirjiňlenmezden, Eziz Nesiniň düşlän myhmanhanasyna gözi ýok ýaly barypdy, onuň bilen bile surata-da düşüpdi. Ol şol suratda meşhur ýazyjynyň yzragynda ýylgyryp durdy. Suratam göz edip, kärdeşlerine güjeňleýärdi. Redaksiýadaky ýigitleriň biri-hä onuň suwjaryp durşuny känbir oňlaman, ýüregindäkini daşyna çykarypdy: «Tüweleme, ýazan eserleň bilen meşhur bolmasaňam, meşhur ýazyjy bilen surata düşüb-ä meşhur bolduň!».

Igençliräk aýdylan bolsa-da, aňyrsynda hakykatdan düşnük bardy. Dogrudanam, meşhur ýazyjy bilen surata düşmegiň özi-de meşhurlykdy. Muny hiç bir kesä çekmesiz aýdýaryn. Eger gaýrata galanlygymyzda Kakabaý Gurbanmyradow ikimizem onuň bilen surata düşüp bilerdik ahyry. Şolam kiçijik taryhdan bir parçajyk bolup galardy. Kelte gaýtdyk-da şonda. Indem ökünip ýörüs.

Indi Eziz Nesiniň türkmençe çykan hekaýalary barada kelam agyz: ilki bilen, öz terjimäm bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň beresim gelýär. «Watan öňündäki borç», «Tarzanyň eýesi kim?» atly terjimelerimiň çykan uçurlarydy. Şol günler şahyr Nobatguly Rejebow sataşdy. Ol Eziz Nesiniň «Watan öňündäki borç» atly hekaýasyny özüniňem türkmen diline geçirendigini, ony meniň terjimäm bilen deňeşdirip okandygyny-da ýaňzytdy. Nobatguly, näme üçindir, meniň terjimämiň özüniňkiden şowly çykandygyny aýtdy. Şonda birhili iňkise gitdim. Onuň çynydygyna-da düşünmedim, oýun edýändigine-de. Ýöne hiç bir babatda syr bildirmezlige çalşyp, sypaýyçylyk bilen gürrüňi başga ýana ugrukdyrdym. Bu waka ýadymdanam çykaňkyrlapdy. Diňe Eziz Nesin barada makala ýazyp ugranymda hakydama geldi. Şo wakadan bärem, hasaplap görsek, otuz ýyldanam köpräk wagt geçipdir. Ynha, indi içgin oýlanyp otyryn welin, Nobatgulynyň nähili gönümel, mert adam bolandygyna göz ýetirip durun. Adatça, döredijilik işgärleri birek-birege dogry baha bermekde gyltyzrak kakýarlar. Göz-görtele zady-da, aňsat-aňsat, boýun alaslary gelenok. Şeýtmegi özlerine kiçilik bilýärler. Maňa dogry düşüniň! Nobatgulynyň terjimäme baha berdigi özüniňkini püçege çykardygy däl. Şu iki hekaýanyň terjimelerini menem degşirip okadym. Nobatguly «Watan öňündäki borjy» has öňräk — 1980-nji ýylda türkmençä geçiripdir. Ara tapawudy on bir ýyldanam geçýär. Dogrusy, ony Nobatgulynyň ozal terjime edendiginden bihabardym. Bardy-geldi habarly bolanlygymda, oňa batyrynmazdym. Sebäbi Nobatgulynyňam terjimesi ýerbe-ýer. Dili çeper. Akgynly okalýar. Hiç hili many ýoýulma görnenok. Ýöne bir emmasy bar. Iki terjimäniň yzygiderliligi biraz üýtgeşigräk. Megerem, Nobatguly bu hekaýany başga terjimeden alandyr. Sebäbi onda meniň terjimäm bilen bap gelmeýän ýerleri-de bar. Bir geň görmeli ýeri — ikimiziňem sözbaşymyz meňzeş çykypdyr. Ýöne özüm-ä hiç bir babatda Nobatgulynyň terjimesine at dakyp biljek däl. Gül ýaly terjime. Onda näme üçin ol meniň terjimämi özüniňkiden ýokary goýduka? Elbetde, öz-özüme baha berip bilmerin. Bu eýýäm okyjylaryň işi. Nobatgulynyň terjimäme göwnüniň ýetmegi, elbetde, begendirmän duranok. Ýöne ol şuny aýtmak bilen özüni-de beýgeldipdi. Aslynda biziň döredijiligimiz onuňkydan kän bärden gaýdýar. Nobatguly Gurbannazar Ezizow ýaly zehini daş ýarýan şahyrlaryň yzyny basyp duran adam. Ol, sözüň doly manysynda, halkyň ýazyjysy. Onuň otuz ýyl mundan ozal terjimäme beren bahasyny-da geljegime bolan umyt hökmünde garapdym.

Ýazyjynyňky okyjy bilen. Okyjylaram hil-hil. Arasynda ynjygraklary-da tapylýar, dyzmaçraklary-da. Ýazan eserleriňiň asmana göterilýän pursatlary-da bar, gara ýeriň teýine dykylýan pursatlary-da. Ýöne okyjylaryň käbiri pikirlerini bütinleý üýtgedip, çepbesine çöwrübem otyr. Okyjylardan her dürli garaýyşdaky hatlary almadyk ýazyjylar gaty azdyr. Eziz Nesine-de okyjylardan ymgyr köp hat gelip gowuşdy. Geň ýeri, şolaryň içinde ony diwara söýäýmeli edip goýanlary-da bardy.

«Gury sözden palaw bolmaz…» diýlişi ýaly, geliň, käbir mysallara ýüzlenip geçeliň. Meşhur türk ýazyjysyna hat ýollan türk okyjysynyň namalary türkmen okyjylary üçinem gyzykly bolar diýip pikir edýärin.

Waka 1958-nji ýylda bolup geçýär. Adana şäherli bir işçi Eziz Nesine hat gönderýär. Hatyň eýesi bir ýerde, habary başga bir ýerdedi, üstesine, harplaryna çenli aýyl-saýyl däldi. Tutuş dört sahypasy saýlama sögünçlerden düzülendi. Onda Eziz Nesin iň pes adamlaryň hatarynda goýulýardy. Sögünçleriň gapdalynda suratam çekilipdir. Onda adamyň kelleçanagy, hanjar, sapança, dar agajy şekillendirilipdir. Ony ýazan adamam indiki ýekşenbede Adanadan Stambula «Fenerbahçe» bilen «Galatasaraý» futbol toparlarynyň oýnuny synlamaga geljekdigini, oýundan soňam Eziz Nesiniň merkini berjekdigini ýazypdyr.

Oýun tamamlanypdyr, ýöne hiç kim ýazyjynyň merkini bermändir. Şundan üç ýyl ötüpdir. 1961-nji ýylda Eziz Nesine şol işçiden ýene bir hat gelip gowşupdyr. Nama şeýle setirler bilen başlanýardy: «Hormatly halypa, gadyrdan ýazyjym!». Şundan soň ol üç ýyl mundan ozal petigulyňy bererin diýip ölüm bilen haýbat atyp ýazan hatyny dile getiripdir. Şuny-da nekirtläpdir: şonda ol, hakykatdan-da, pälinden gaýtjak däl ekeni. Niýetiniň başa barmanyny-da Stambula gitmäge mümkinçiliginiň bolmandygy bilen delillendiripdir.

«Saňa ýalan — maňa çyn» diýlişi ýaly, üç ýylyň içinde onuň pikiriniň birden-bire üýtgemegine haýran galaýmaly. Şu döwrüň içinde onuň aň-düşünjesi özgeripdir. Öňki ýazan haty üçinem utanjyna girere deşik tapmandyr. Sebäbi gepe gidipdir. Soň bir öwrümde-de oňa gazetleriň birinden Eziz Nesiniň bir hekaýasyny okamak miýesser edipdir. Şondan bärem ýazyjynyň beýleki hekaýalarynyň gözlegine çykypdyr. Indem Eziz Nesiniň ýekeje kitabyny-da sypdyrman okaýandygyny-da hatynyň ahyrynda tekrarlapdyr.

Şunlukda, ýigrenç söýgä öwrülipdir. Seredip otursaň, munuň aňyrsynda ullakan many-da ýatyr. Hiç haçan adama, galyberse-de, onuň döredijiligine kesekiniň nazaryýeti bilen baha bermeli däl. Diňe gözüň görýän, gulagyň eşidýän zatlaryna ynanmaly! Durmuşda öz pikir-garaýşyň bilen ýaşamaly, islendik zada özüňçe akyl kesmegi başarmaly. Dogrudanam, sapak edinäýmeli waka. Köneljek gümanasy ýok. Ähli döwürlere laýyk gelip dur.

Şu waka bilen baglanyşykly Eziz Nesin şeýle ýatlaýar: «Okyjynyň bu hatynda özüm üçin iň gymmatly zadyň nämedigini bilýäňizmi? Adanaly işçi ne birinji hatynda, ne-de ikinji hatynda adynam, ýaşaýan ýerinem gizlejek bolmady. Köplenç halatda abaý-haýbatly hatlary ýollaýanlar özleriniň kimdigini ýaşyrýarlar. Olar warryk, pes adamlar. Şonuň üçinem şeýle pyrryldaklara ýüz urýarlar. Işçiniň birinji iberen haty ýadymdady. Ony arhiwimden gözläp tapdym. Men köpsanly milli, halkara baýraklaryna, hormatly diplomlara mynasyp boldum. Ýöne Adanadan gelen ikinji hata begenişim welin bularyň dagam çeni-çaky däldi…».

Munça bolanyna görä, dünýä belli türk ýazyjysy Eziz Nesiniň gysgajyk terjimehalyny getirmesek, gaty kelte gaýtdygymyz bolardy. Ynsanyň şeýle göräýmäge guraksy terjimehaly-da köp zatlardan habar berýär.

Eziz Nesin 1915-nji ýylda dünýä inýär. Şol döwür birinji jahan urşunyň haý-haýly ýyllarydy. Ata-enesi oňa Nusret diýip arap adyny goýýar. Nusret (Nusrat) ýardam, kömek manysyny berýär. Eziz Nesiniň özi-hä muny: «Alladan ýardam, Alladan kömek» diýip düşündirýär. Türkmenleriň Allaýar, Allaberdi atlaryna-da golaýlaşyberýär. Onuň maşgalasynyňam bar diregi Biribardy.

Eziz Nesin heniz on ýaşly oglanjykka hökmany suratda ýazyjy bolaryn diýip berk ýüregine düwüpdi. Muňa kakasynyň jykyrjygy tutup, onuň beýnisine öwüt-nesihat guýýardy: «Oglum, ýazyjy bolmak pikirini kelläňden çykar! Gowusy, eklenip biläýjek hünäriň başyny tut…». Arman, ol kakasynyň maslahatlaryna gulak gabartmaýar. Megerem, ýazyjy bolmak, onda-da beýik ýazyjy bolmak oňa Ýokardan gursagyna guýlandyr?!

Onuň adynyň, familiýasynyň döreýşi-de täsin. 1934-nji ýyldan ozal Türkiýede familiýa däl-de, esasan, adamlaryň öz atlary ýörgünlidi. Ýöne şol ýyl her bir türk özüne familiýa edinmeli diýen karar çykýar. Geljekki ýazyjy-da «Nesin» familiýasyny alýar. Nesin adynyň «Ne sen, näme sen, kim sen?» diýen manysy bar. Şu babatda ol: «Adamlar familiýamy tutanlarynda maňa özümiň nämedigim, kimdigim barada oýlanmagyma maý dörär» diýip ýatlaýar.

Ol baryp goşun gullugyndaka hekaýa ýazyp başlaýar. Emma şol döwürde harbylaryň metbugatda çykyş etmeklerine gyýa göz bilen garalýardy. Şunlukda, ol hakyky Nusret Nesin adyndan el çekip, kakasynyň adyny alýar. Eziz Nesin ady bilenem dünýä belli bolýar.

Geçen asyryň ortalary dünýäde syýasy öwrülişikler kän boldy. Şonda dürli garaýyşlar, çapraz pikirler döräpdi. Bu-da Eziz Nesiniň döredijiligine oňaýsyz täsirini ýetirdi. Belli bir döwürde onuň eserleri oňlanylmady. Netijede ol iki ýüzdenem gowrak tahallus bilen baş makalalary, felýetonlary, söýgi romanlaryny, birgiden hekaýalary ýazdy. Hatda gyzydyr oglunyň atlaryny birleşdirip, «Oýa Ataş» lakamy bilen çagalar hakyndaky hekaýalar kitabyny-da çykardy. Bu kitaby Oýa atly zenanyň däl-de, eýsem, Eziz Nesiniň ýazandygyny hiç kim gümanam etmändi. Ol hatda hekaýalarynyň biriniň aşagyna fransuz adyny goýdy, şol hekaýa-da fransuz ýazyjysynyň eseri hökmünde dünýäniň degişme ýazyjylarynyň antologiýasyna girizildi. Onuň başga bir hekaýasy hytaýlynyň ady bilen çykdy, ýagny hytaýçadan terjime görnüşinde çap boldy.

Döredijiliginiň arasynda ol güzeran aladasy bilen dükanda haryt söwdasyny etdi, hasapçy boldy, gazet satdy, suratçy bolup işledi. Garaz, ýeňil bolmadyk durmuş ýoluny geçdi. Hatda düşünişmezlik zerarly gözenegiň aňyrsyndanam garady.

Umuman, Eziz Nesiniň durmuş ýoly, onuň döreden eserleri ýaly, gyzyklydan-gyzykly, täsinliklerden doly. Ýazyjynyň ykbaly-da küt-küt kyssalara mynasyp.

Eziz Nesin adamzat, ömür, ýaşaýyş, dogulmak, aýrylmak… barada-da özüne mahsus aýlawly pikirler ýöredýär, olarda döredijiligindäki ýaly degişme äheňdäki goşundylaram görünýär: «Adatça: «Eger sen dünýä gaýtadan gelseň nähili ýoly saýlardyň?» diýip tanymal adamlara sowal berenlerinde olaryň köpüsi hiç bir ýaýdanmazdan: «Häzirki ýolumy saýlardym» diýip jogap berýär. Bardy-geldi özüme şeýle sowal berlenliginde, onda: «Häzirkimdenem has köp, özem has gowy iş ederdim» diýip jogap bererdim. Onsoňam, adamzat taryhynda ajalyň golundan sypan bar diýip eşidemok. Şeýle köpbilmişiň hatda biri bar bolanlygynda, menem şonuň yzyna eýererdim. Nätjek, ady ýitmiş nägehany aldan ýok. Şonuň üçinem ähli adamlar ýaly, günlerde bir gün janymdan jyda düşäýsem, onda, bilip goýuň, mende ýazyk ýokdur».

Eziz Nesin uzak ömür sürdi. Özüniň uzak ömür sürşi ýaly onuň döredijiliginiň ömri-de uzak. Ol ömürlik eserleri döretdi. Nusgalyk eserleri miras goýup gitdi. Diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ýazyjysyna öwrüldi. Çünki onuň eserleri diňe bir Türkiýede däl, eýsem, Eýranda, Bolgariýada, Germaniýada, Gresiýada, Rumyniýada, Wengriýada, Polşada, Fransiýada, Serbiýada, Awstriýada, Albaniýada, Russiýada, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gruziýada, Estoniýada, Ermenistanda, Türkmenistanda… neşir edildi, özem bir gezek däl, telim gezek neşir edildi.

1971-nji ýylda Türkiýedäki teatr möwsümi «Eziz Nesiniň möwsümi» diýlip atlandyryldy. Ankaranyň hem-de Stambulyň teatrlarynda onuň birbada bäş sany sahna eseri görkezildi… Şol sahna eserleri bulardan başga-da Russiýanyň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň teatrlarynda gitdi. Diňe şujagaz mysallaryň özi-de ýazyjynyň döredijiliginiň nähili meşhurdygyndan habar berýär.

Eziz Nesin ýatlamalarynyň birinde: «Men öz hekaýalarymy adamlaryň durmuş barada gülüp oýlanmaklary üçin, oýlanybam gülmekleri üçin ýazýaryn» diýip belläpdi. Bu sözler, hakykatdanam, ýazyjynyň döredijiliginiň süňňünden syzylyp çykypdy, onuň eserleriniň many-mazmunyny düzüpdi.

Eziz Nesin çagalary juda eý görýärdi. Olar üçin hanyny-manyny orta goýmaga taýýardy. Ol 1972-nji ýylda Nesiniň gaznasyny döretdi hem-de oňa özüniň bar süýşürintgisini — baýlygyny geçirdi. Bu gaznanyň üsti ýuwaş-ýuwaşdan Eziz Nesiniň, şonuň ýaly-da onuň pikirdeş galamdaşlarynyň edebiýatdan düşen hak-heşdekleriniň hasabyna artmak bilen boldy. Gaznanyň esasy maksady her ýyl dört sany ýetim çaganyň eklenjini boýnuňa almakdan hem-de olaryň ylym-bilim almaklaryna, şol sanda ýokary bilim almaklaryna mümkinçilik döretmekden ybaratdy. Haýyr-sahawatlylyk, ýetime güler ýüz bermek, sogap işleriň başyny tutmak, söhbetdeşini şo bada özüne imrindirmek, hormat-sylagy goýdurmagy başaryp bilmek bu ajaýyp adamynyň dogabitdi ganynda bardy. Ol şu häsiýetine iň soňky demine çenli wepaly bolup galdy.

Indi «Nesin — kim sen?» diýleninde, diňe bir agyz «Eziz Nesin» diýmek ýeterlik. Sebäbi bu at tutuş dünýä belli.

                  Çary GELDIMYRADOW, ýazyjy. 

 

 

Akmuhammet Aşyrow: saz yşgynda perwana