TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Neptunyň täze hemrasy sowallary döredýär

2013-nji ýylda ylym Neptun planetasynyň «Hippokamp» atly täze, kinniwanja hemrasyny ýüze çykarypdy. Ýöne soňky barlaglar, Hippokampyň, aslynda, planetanyň başga bir hemrasyndan bölünen parça bolmak ähtimallygyny hem öňe sürýär.

Amerikanyň Howa we älem agentligi bolan NASA-nyň internet saýtyndaky habara görä, ABŞ-nyň Kaliforniýa uniwersitetiniň, NASA-nyň ylmy merkeziniň hem-de SETI institutynyň alymlarynyň pikiri Hippokampyň hemra däldigi babatynda birmeňzeş gelýär. Olaryň pikirine görä, Kuiper galaktikasyndan gelen bir älem daşynyň Proteus hemrasyna güýçli urulmagy bilen, hemradan bir bölek gopupdyr. Ol hem Ýerden seredeniňde, Neptunyň täze tebigy hemrasy ýaly bolup görünýär.

Hippokampyň dimateri 34 kilometrden geçmeýär. Alymlar 1989-njy ýylda Proteusda ägirt krateriň bardygynyň ýüze çykarylandygyny aýdýarlar. Ol Hippokampyň işi bolsa gerek diýlip çaklanylýar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle