Angliýanyň “Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel we Germaniýanyň “Leipsig” toparynyň tälimçisi Domeniko Tedesko wezipesinden boşadyldy.
Her iki tälimçi hem öz toparlarynyň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda ýeňilmeginden soňra wezipelerini tabşyrdy.
Tuheliň “Çelsisi” Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” toparyndan 1:0 hasabynda utulan bolsa, Tedeskonyň “Leipsigi” Ukrainanyň “Şahtýor” toparyndan 4:0 hasabynda asgyn geldi.
Tomas Tuhel 2021-nji ýylyň ýanwarynda “Çelsi” toparyna geldi. Onuň tälimçilik eden döwründe topar Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we klublaryň dünýä çempionatynyň kubogyny gazandy.
Tedesko hem “Leipsig” toparyna 2021-nji dekabrynda tälimçilige bellenipdi.