TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagatynda uly ösüşler gazanylýar

Uglewodorod baýlyklarynyň gorlary we olaryň eksport edilýän möçberi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýangyç-energetika pudagynda amala aşyran we häzirki wagtda durmuşa geçirýän taslamalary dünýä nusgalykdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly sebitiň iri energetika döwletine öwrüldi. Uly göwrümli «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy we özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. Bu gün ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň dürli ýurtlara eksport edilmegi milli ykdysadyýetiň pajarlap ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär.

Türkmen gazynyň esasy bölegi dünýä ykdysadyýetiniň ägirdi bolan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Munuň üçin 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi guruldy. Bu iri taslamanyň çig mal binýady yzygiderli berkidilýär.

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän täze kuwwatlyklary kemala getirmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Nebitgaz we himiýa senagatynda birnäçe täze iri desgalaryň ulanyşa berilmegi hem-de olaryň üstünlikli iş alyp barmagy milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň gowşamazlygyna ýardam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşine uly goşant boldy. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Garaşsyz Watanymyz energetika babatda umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän we iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurt hökmünde belent abraýa eýedir. Gymmat bolmadyk, ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi üçin möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky oňyn başlangyçlary halkara jemgyýetçiligiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagynyň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2013-nji ýylda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnama kabul edildi.

2017-nji ýylda Garaşsyz döwletimiz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça forumlardyr halkara maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energetika serişdeleriniň söwdasy hem-de döwletara gaz geçirijiler we nebit geçirijiler, elektrik geçiriji ulgamlar arkaly olaryň üstaşyr iberilmegi bilen baglanyşykly çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de hukuk meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen ýeke-täk köptaraply ylalaşyk bolup durýar.

Häzirki wagtda Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň öňünde täze mümkinçiliklere giň ýol açdy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Garabogaz şäherinde ýerleşýän karbamid zawody hem bu ugurda önjeýli işleri bitirýän önümçilik düzümleriniň biri bolup durýar. Bu zawod ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine öz goşandyny goşýar.

Kärhananyň ýokary hilli önümlerine daşarky bazarlarda isleg barha artýar. Karbamid öndürmek üçin esasy çig mallaryň biri bolan tebigy gaz Gündogar — Günbatar gaz geçirijisinden alynýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly toýuna barýan Diýarymyz bu gün karbamidi esasy öndüriji ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi.  2022 — 2028-nji ýyllarda, öňki döwürlerde bolşy ýaly, uglewodorod, mineral çig mal, ýer-suw we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmak, sebitleriň öndüriji güýçlerini deňeçer ösdürmek we önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmak göz öňünde tutulýar.

Mahym Nuryşowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň

Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle