Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.
Türkmenistanyň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan iri energetiki taslamalar halkara derejede möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyz tarapyndan gaz geçirijileriň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitde parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzda hem-de goňşy we sebitiň döwletlerinde iň häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge şert döredýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi biziň döwlet syýasatymyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologlarynyň gujur-gaýraty, ýadawsyz zähmeti netijesinde uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, agtarmak, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze önümleri öndürmek hem-de bu işleriň alnyp barlyşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we sergisiniň geçirilmegi, şeýle hem 26-27-nji aprelde BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna maýa goýumlary çekmek baradaky halkara forumyň geçirilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Umuman, daşary ýurt maýa goýumlaryny we öňdäki wezipeleri çözmek üçin tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.
Serdar Ataşow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
“Dag işleri” kafedrasynyň uly mugallymy.