SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan iri möçberli taslamalarynyň her biri döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmeklige, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilýär.

11-nji sentýabrda ýurdumyzyň iň günorta künjeginde — Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, «Şatlyk-1» kuwwatly gaz gysyjy desgasynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat ýolunyň Turgundy — Sanabar böleginiň, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyklaryna badalga berilmegi, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň ugrunda gurlan uzynlygy 177 metr bolan köpriniň işe girizilmegi, Serhetabat elektrik bekedinden Owganystan döwletiniň Hyrat welaýatyndaky «Nur-el-Jahad» elektrik bekedine elektrik energiýasynyň ugradylyp başlanmagy Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli şeýle taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň gurmagyň, döretmegiň sogap işdigine ynanyp, nesillere geçiren döwletli ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň aýdyň beýanydyr. 11-nji sentýabrda bir günde ýedi sany iri taslama badalga berilmegi geljekde sebitara hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykarylmagynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Mary welaýatynda düýbi tutulan «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasy türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm desgalaryň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desganyň taslamasyny düzmek we gurmak, ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek hem-de işe girizmek işleri «Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy. Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berdi. Döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp guruljak «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasyna mawy ýangyç «Galkynyş», «Döwletabat», «Ýaşlar» gaz känlerinden getirilip, desganyň geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre deň bolar.

 Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine başlanylmagy taryhy pursat boldy. Sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň turbasynyň ilkinji sepiniň kebşirlenmegi sebitara hyzmatdaşlykda täze tapgyra badalga berer. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi döwrümiziň giň möçberli taslamalarynyň biridir.

Türkmen gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda iberilmegini üpjün etjek TOPH-yň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň öňyn çözgüdine ýardam berer, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrar. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlary, degişli elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleri peýda bolar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň täze ugry hasaplanýan gazhimiýa pudagyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biridir.

Gaz senagatyna degişli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitlerimizi toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir. Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak babatda alnyp barylýan işler örän guwandyryjydyr.

Medine Bäşimowa, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2 NGPYD “A” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda

Ykdysady özgertmeler – ösüşleriň binýady

Horezimşalar döwletinde nika gatnaşyklarynda Türkan hatynyň orny

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti