TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynyň giň mümkinçilikleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ösdürilýär, Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha ýo­kar­lan­ýar.

Ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak we da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň de­ňag­ram­ly bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek hä­zir­ki döw­rüň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Da­şar­ky ba­zar­la­ryň is­leg­le­ri ýur­du­myz­da dö­re­di­len we dö­re­dil­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny do­ly de­re­je­de ulan­ma­gyň, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy şer­ti bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan stra­te­gi­ýa­sy äh­mi­ýe­ti taý­dan örän der­wa­ýys­dyr. Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de bi­na edil­ýän we ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik top­lum­la­ry, za­wod­lar we fab­rik­ler, bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­riň çy­ka­ryl­ma­gy­ny art­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen, ýo­ka­ry hil ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň tä­ze des­ga­la­ry mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyny innowasion esasda ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz ulgamynyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, onuň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu strategiýanyň möhüm ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigy gazyny çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak barada döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alnyp, gaz senagatyny ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri diňe bir çig mal hökmünde eksport etmek bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Gyýanlynyň polimer we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlary ýaly ägirt uly taslamalaryň gurluşygy amala aşyryldy. Bu kärhanalaryň ählisinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olar ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Muňa dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen energetika hyzmatdaşlygynyň çägini giňeldýär, ägirt uly tebigy serişdelere, uglewodorodlaryň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, olary bütin adamzadyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.

Nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlary gurmak, täze nebitgaz ýataklaryny, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmek, bu işde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini giňeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.  Hytaýa we Eýrana gaz geçirijiniň gurulmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly ägirt iri taslamalara döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşandy hökmünde garamak bolar. TOPH taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky netijeli ädimdir.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň täzelenilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň 25 göterimi bu toplumyň paýyna düşýär. TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Ýokary oktanly awtoulag benzinleri, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglar we polipropilen, elektrodly taplanan koks, ýol we gurluşyk bitumy, galyňlygy 20, 25 we 30 mikrometr bolan gaplama plýonkasy, konditer önümçiliginde ulanylýan polipropilen plýonkasy toplumda öndürilýän esasy önümlerdir.

Amanmuhammet Bazarow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 3 NGGIHT “B” toparynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle