TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki dostlukly döwletiň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklara täze itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasy ykdysadyýet, senagat we ýokary tehnologiýalar boýunça dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, geçen ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda birnäçe maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi.

Hususan-da, saparyň çäklerinde işewürler bilen geçirilen duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki möhüm ugurlaryny anyk beýan etdi.

Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Iň iri “Hyundai Corporation”, “LX International Corp.”, “Daewoo Engineering and Construction” koreý kompaniýalary türkmen bazarynyň örän möhüm ulag, gaz we himiýa senagaty hem-de ençeme beýleki pudaklarynda köp wagtdan bäri üstünlikli işläp gelýärler.

Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamagy hem-de konsultatiw hyzmat etmegi «LX International Corp.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan iri taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, gazhimiýa, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän senagatda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Hut şoňa görä-de, şu saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary degişli ugurdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýärler. Koreýaly kärdeşlerini Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdyrdylar we olaryň şu kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 100 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Haldor Topsoe kompaniýasy tarapyndan tebigy gazdan sintetik benzin öndürmek boýunça işlenip düzülen TIGAS tehnologiýasy dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda gurlan zawodda senagat möçberinde peýdalanyldy.

Ýurdumyz dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Şoňa görä-de, “mawy ýangyjy” gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu möhüm maýa goýum taslamasy milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Şol strategiýanyň esasy ugry gazy we nebiti gazyp almagyň mukdaryny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini eksport etmegiň köpugurly ulgamyny kemala getirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmakdan hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr.

Baýram Atamyradow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň

“Nebitiň we gazyň geologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle