TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy – milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzda nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegini, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini bu ugurda geçirilýän möhüm işler hökmünde görkezmek bolar.

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmak babatda köp işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň nebitgazly ýataklaryny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek, nebite baý ojaklary açmak, olaryň çägini giňeltmek babatda döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde nebiti gaýtadan işlemekden alynýan ýokary hilli önümler dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda  tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, soňky ýyllarda emçeme köp milliardlyk maýa goýumlar özleşdirilip, iri gazhimiýa toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Bu babatda Balkan welaýatynda hem-de Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap gazhimiýa toplumlaryny görkezmek bolar.

Şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen köp sanly işler durmuşa geçirilýär.

Nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga hem uly üns berilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl ýurdumyzda nebitgaz pudagyna degişli iri forumlar guralýar. Şu ýylyň oktýabr aýynda hem Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmenistanyň nebit we gazy – 2022” atly 27-nji halkara maslahatyny we sergisine geçirmäge uly taýýarlyk görülýär.

Bu forumlaryň baş maksady baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.

Enegül Orazmämmedowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň

Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle