TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy işjeň sanlylaşdyrylýar

Dünýä ykdysadyýetiniň ornunyň berkidilmegi gös-göni dünýä energetikasynyň durnuklylygyna bagly bolup durýar. Nebitgaz pudagy ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasydyr. Nebitgaz pudagy bolsa, dünýäde girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar. Ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalary amala aşyrmakda elektroenergetika aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda geljegi uly bolan bu pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depgine eýe bolup, tebigy gazyň we nebitiň eksportyny artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugur bolup, iri senagat toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek, şeýle hem tebigy gazyň we nebitiň eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin tebigy gazyň we nebitiň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzak möhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir.

Ýurdumyzda ulanylýan senagat we durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerini tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça täze taslamalar amala aşyrylýar. Pudaga ornaşdyrylýan täze usullar we ýurdumyzyň känlerindäki tebigy gazyň ägirt uly gorlary milli ykdysadyýetmiziň möhüm pudagynyň öňünde durýan wezipeleri amatly çözmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Döwletimiziň ählumumy energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary, olary üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky tagallalary, ýangyç-energetika toplumynyň, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi hem-de munuň halkara düzgünlerine laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmagyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hem bu ugurda döwrebap işler ýola goýulýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Olaryň iş meýilnamalary tassyklanyldy. Zerur enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.

Içerki sarp edijilere ýerlenilýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we “Elektron ammar” programmasy gurnaldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň merkezi diwanynda “Netije” atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda “GOLDAW” elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web saýty döredildi. Ornaşdyrylan radioelektron enjamlary arkaly buhgalterçilik hasabatlary we beýleki işler sanly görnüşde amala aşyrylýar. Şeýle hem toplumyň dolandyryş binasy bilen önümhanalarynyň arasynda elektron maglumat dolanyşygy ýola goýlup, ammarlara kabul edilýän, saklanylýan we goýberilýän maddy gymmatlyklaryň hasabyny elektron resminama dolanyşygyna geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

 

Wepageldi Öwezgeldiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Geologiÿa fakultetiniñ “Çyzuw we materiallaryñ garşylygy” kafedrasynyñ mugallymy.

 

 

BRIKS-iň çägi giňeldiler

 

 

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle