Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Tiz sagalmak barada iberen arzuwlaryňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli gutlaýaryn.
Biziň şahsy gatnaşyklarymyzyň we birek-birege hormat goýmagymyzyň geljekde-de dowam etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, täze döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Iň gowy arzuwlar bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.