BILIM

Nazar Agahanow: Türkmenistanda halkara matematika olimpiadasynyň geçirilmegi buýsandyryjy waka

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi.

Arkadag şäherinde geçirilen ders bäsleşigine Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan ýaş matematikleriň ençemesi gatnaşdy.

Halkara matematika olimpiadasyna ýurdumyzdan hem-de dünýäniň 11 ýurdundan bilelikde jemi 120-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle-de 12 ýurtdan 40-a golaý professor-mugallymlar olimpiada ýardam bermek maksady bilen geldiler.

Şu gün halkara olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen dünýä döwletleriniň mekdep okuwçylary paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde guralan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.

Halkara matematika olimpiadasynyň emin agzalarynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanda doglan, Russiýanyň Moskwa Fizika-tehnina instituty ýokary matematika kafedrasynyň dosenti, fizika we matematika ylymlarynyň kandidaty Nazar Agahanow bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:

– Şu ýyl Türkmenistan taryhynda ilkinji gezke mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasyny gurnady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen olimpiada köp sanly ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan, Hytaýdan, bolgariýadan, Eýrandan, Katardan we beýleki döwletlerden mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Bu hakykatdanam hem halkara derejesinde ders bäsleşigi boldy. Oňa Russiýa Federasiýasyndan hem ýaş matematikler gatnaşýar. Umuman, Russiýa olimpiada hereketiniň öňdebaryjylaryndandyr.

Olimpiada ýokary hilde, guramaçylyk ýagdaýda gurnaldy. Olimpiada Merkezi Aziýanyň ilkinji “akylly şäheri” derejesine eýe bolan Arkadag şäherinde geçirildi. Halkara ders bäsleşigi üçin döredilen mümkinçilikler, Arkadag şäheriniň döwrebap keşbi hemde türkmen myhmansöýerligi daşary ýurtlaryň myhmanlarynda uly täsir galdyrdy.

Men Türkmenistanda doglandygym üçin meni bu üstünlikler buýsandyrdy. Men özüm Aşgabatda doglup, ulaldym, Aşgabatdaky 6-njy orta mekdepde okadym. Häzirki matematika ugrunda ýetem derejemiň binýady Aşgabatda goýuldy diýsem öte geçdigim bolmazmyka diýýärin.

Uly matematikanyň ädimlerini türkmen matematika mekdebiniň hasabyna ätdim. Türkmen döwlet uniwersitetinde işledim, soňra Russiýa Federasiýasynda olimpiada hereketine ýolbaşçylyk etdim. 2000-nji ýylda meni Halkara matematika olimpiadasynyň Utgaşdyryjy geňeşiniň düzümine goşdular.

2010-njy ýylda Halkara matematika olimpiadasynyň ýolbaşçylygyna saýlandym we bu ders ugry boýunça olimpiadalaryň gurnalmagy boýunça işler alyp bardym.

Ýene-de bir gezke belläp geçişim gelýär. Matematika ugrundaky biliminiň binýadyny alan Türkmenistana minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle uly göwrümli ders bäsleşigini guramakda kömek-goldawlaryny beren Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine öz hoşallygymy bildiresim gelýär.

Mundan ozal, 2011-nji ýylda Türkmenistanda bolupdym. Türkmenistan hem-de paýtagt Aşgabat şäheri düýpgöter özgeripdir. Bu geçne döwürde uly öňegidişlikler gazanylypdyr.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek boldum. Bu hem Türkmenistanyň şähergurluşyk babatda gazanan uly üstünligidir. Şeýle hem dag eteklerindäki tokaý zolaklary haýran galdyrdy, ol hem Türkmenistanyň bagy-bossanly ýurda öwrülmegine uly goşantdyr.

 

 

 

Ýene-de okaň

Halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi

Türkmen ýaşlary ylmy işlerini hödürleýärler

Türkmen ýaşlary üçin Malaýziýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gyzy Moskwada geçirilýän şowhunly telebäsleşige gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edişligiň başlanýandygyny yglan edýär