TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Natan Ake “Mançester Siti” toparyna geçdi

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň resmi web sahypasynda öň Angliýanyň “Premýer-ligasynda” başga bir toparda – “Bornmutda” oýnan futbolçy Natan Ake bilen şertnama baglaşylandygyny habar berildi.

Bellenilişi ýaly, 25 ýaşly niderlandly goragçy “Siti” topary bilen 5 ýyl – 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy. Transferiň bahasy 45 million ýewrodan gowrak boldy.

Natan Ake öz futbol karýerasyna “Çelsi” toparynda başlady. Ol “Reading”, “Uotford” we “Bornmut” toparlarynda oýnady. Häzir çykyş edýän “Bornmut”  toparynyň düzüminde 121 resmi duşuşykda oýnap, 11 gezek tapawutlandy.

Natan Ake tomusky transfer möwsüminde “Mançester Siti” toparynyň Ferran Torresden soňky ikinji satyn alna futbolçysy boldy.

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle