TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Narpyz barada…

Ajy narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfýumeriýada, süýji-köke önümçiliginde ulanylýar. Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler, antiseptik, sowuklamanyň garşysyna şerbetler has irki wagtlardan bäri peýdalanylýar. Lukmançylyk tejribesinde, esasan, mentol ulanylýar.

Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Ol ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda hem bronhitde ulanylýar. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar. Her gün irden demlenip taýýarlanan narpyz çaýyny içmek maslahat berilýär.

Hemmämiziň bilşi ýaly, narpyz hakykatdan hem, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişdesi eken. Birnäçe müň ýyl mundan ozal gadymy grekler narpyzy atyr we aşhanada jaz hökmünde ulanypdyrlar; rimliler bolsa onuň esasynda diş mäjumyny we derman ýasapdyrlar.

Orta asyrlarda narpyzyň başga bir täsirli aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Bu otuň mör-möjeklere garşy göreşde kömegi degipdir. Tebipler ony şeýle bir öwüpdirler welin, XVIII asyrdan başlap ony ýörite ösdürip ýetişdirmeli bolupdyr – ýabany ösýän hoşboý ysly gyrymsy agaçlar indi uly we barha artyp barýan islegi kanagatlandyrmandyr.

Häzirki zaman fitoterapiýasyny ter we guradylan narpyzsyz, şeýle hem gymmat bahaly efir komponenti bolan narpyz ýagy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Narpyza şu günlerem diňe bir hoşboý ysly ot däl, eýsem dermanlyk we azyk önümi hökmünde-de isleg bidirilýär. Aşpezler bu oty burç narpyzy, şokolad narpyzy, alma narpyzy we, hatda pyrtykal narpyzy diýip bölýärler, bularda biri-biri bilen tozga geçirme arkaly ajaýyp ysly gibridleri döretmek mümkin.

Bu işde uly ýeňillik narpyzyň dandawsyzlygydyr – gowy ösmegi üçin, oňa diňe gyş doňmaýan ýyly toprak gerek. Narpyzyň, hatda, daglarda ösýän dürli görnüşleri-de bar. Umuman alanyňda, botanikaçylar onuň üç müňden gowrak görnüşiniň bardygyny aýdýarlar.

Narpyzyň düzüminde C, B3, B5, B2, B6, B9, A witaminleri agdyklyk edýär. Makroelementlerden kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, mikroelementlerden demir, marganes, sink, mis ýaly wajyp elementler bar. Narpyzy çaýa goşup ulanmak has-da ýörgünli tärleriň biridir. Şeýle dermanlyk çaý ukyny sazlamakda, kelleagyryny köşeşdirmekde, myşsalaryň dartgynlylygyny gowşatmakda, horlanmakda, üsgülewügi aýyrmakda örän ähmiýetlidir. Narpyz dürli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda tagam, ys beriji hökmünde hem ulanylýar. Narpyzyň hoşboý ysy işdäňi açyp, tagamyň has-da lezzetli, peýdaly bolmagyna sebäp bolýar. Jan-saglyk ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr.

Gurbansoltan Rejepowa, TOHU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle