TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nar agajy

Nar-narlar masgalasyna degişli subtropiki gyrymsy miweli baglardyr. Miweleriniñ bişip ýetişiş aýartynlyklaryna baglylykda ir bişip ýetişýänlerine nar, giç bişip ýetişýänlerine enar diýilýär. Nar bir ýyllyk çybyklary, düýpden çykýanlary bilen köpeldilýär. Nar nahalhanasy üçin çuñlugy 30-35 sm sürüm geçirilýär. Naryñ 25-30 sm uzynlykdaky çybyklary 70-sm-lik joýalaryñ gerşine oturdylýar. Nar nahallaryna ösüş döwri 10-12 gezek gektara 800 m3 möçberde suw berilýär, 3-4 hatara bejergisi geçirilýär. Zerur halatda haşal otlara, kesellere we zyýankeşlere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Eger toprak dürli möhletlerde 14-18 0С çenli gyzyp yetişmeseler nar çybyklar ösüşe başlamaýarlar. Nar çybyklarynyñ ösmegi üçin amatly howa şertleri 12-13 0С sowuk toprakda nar çybyklary ösmeýärler, çybyklaryñ ujy çüýräp başlaýarlar. Nar çybyklary 15-20 0С ýylylykda güýçli ösýärler. Şu döwürde nar oturdylan ýeriñ gektaryna 150 kg azot düni suw bilen garylyp berilýär. Nar agajy 15 0С sowuk howa durnuklydyr. Gyş aýlary howa      20 0С -dan pes bolup, sowasa, naryñ ýer üsti bölegini sowuk urýar. Nar nahallary 5×4 m we 5×5 m usullarda mart aýy oturdylýar. Naryñ 50 sm sütün boýny 4-5 şahalardan ybarat hasyl getiriji şahalary bolýar. Nar nahalyna oturdylan ýyly 12-15 gezek suw tutulýar we 4 gezek ders we mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Hatar ara bejergi işleri suw tutulyp ýer taba gelenden soñ geçirilýär.Hasyl berýän nar bagynyñ hatar arasy sürülip ýa-da ýorunja ekilip saklanýar. Nar agajyny iýmitlendirmek üçin, dekabr-ýanwar aýlary gektara 20 tonna ders dökülýär we 60 kg kaliý dökünleri dökülip toprak gurplandyrylýar. Hasyl berýän nar agaçlaryna ösüş döwri 10-12 gezek joýalar bilen suw tutulýar. Gyş aýlary 5-10-njy fewralda kesim we timarlaýyş işleri geçirilýär. Kesim işi yzgar toplaýjy suwdan soñ geçirilse, nar agajyna 15-18 0С sowuk howa zyýanly täsirini ýetirmeýär. Nar agajynyñ ilkinji nobatda çykan öserleri arassalanyp aýrylýar. Hasyl berýän nar agajynyň döwülen şahalary kesilip, ýer üsti böleginde 5-6 sany hasyl getiriji şahalar galdyrylýar. Naryñ ýer üsti böleginden ýogyn öserler kesilip arassalanýar. Nar agajynyñ bir ýýlyk baldaklarynýn üçden bir bölegi kesilip täzelenýär.Kesim we timarlaýyş işleri geçirilenden soñ nar bagyna suw tutulýar. Fewral aýynyñ 20-24-ine düypleri depilip agdarylýar.Nar miweleri bişip ýetişdigiçe el bilen saýlap alyp ýygnalýar, 4-5 gün saklanyp terligine iýmek üçin ýa-da gaýtadan işlemek maksady bilen ulanylýar. Miwe getirýän nar düýpleriniñ her birinde 14-26 kg hasyl alynýar. Nar ösdürilip ýetişdirmek kärendeçi bagbanlar üçin ykdysady taýdan düşewüntlidir.

                                                                                                 Gunça  NAZAROWA,

                                                         Türkmen oba hojalyk  institutynyň mugallymy

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle