TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Napoleonyň ädigi satyldy

Dünýä belli fransuz imperatory Napoleon Bonapartyň ädigi ýakynda PariŽ şäherinde geçirilen kim ýokary söwdasynda 117 müň ýewro satyldy. «Drouot» kim ýokary söwda öýüniň berýän maglumatyna görä, meşhur imperatoryň ädiginiň deslapky bahasy 50 ― 80 müň ýewro aralygynda boldy. Ýöne göçgünli kelleler bahany 117 müň ýewro çenli çykardy.

«Drouotyň» ýazmagyna görä, Napoleon bu ädigi Mukaddes Ýelena adasynda sürgündekä geýipdir. Soňra ädik imperatoryň heýkelini ýasamak üçin heýkeltaraş Karlo Maroçettä berlipdir. Maroçetti hem ony PariŽiň şol wagtky senatory Pol Le Ruga sowgat beren eken. Ädik henize çenli senatoryň maşgalasynda saklanyldy. Onuň täze eýesi barada maglumat ýok.

Ýene-de okaň

“Ba­ga­ja” gaz kä­ni üçin tehniki enjamlar satyn alnar

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Teswirle