JEMGYÝET

Näme üçin ýat ýerde uklap bilemzok?

Alymlar munuň sebäbini beýnimiziň ýarym şarlarynyň biriniň nätanyş ýerden ýadyrgamasy bilen düşündirýärler. «Nirededigimize garamazdan, çep ýarym şarymyz çalt uklamaga endik edinýär. Ýöne sag ýarym şar barada beýle diýip bolmaz. Çünki oňa nätanyş ýerde ýatandygyň baradaky duýgyny ýeňip geçmek kyn» diýip, «Current Biology» žurnaly alymlaryň aýdanlaryna salgylanyp ýazýar.

Braunowskiý uniwersitetiniň alymlary ynsan beýnisini skanerden geçirip, bolup geçýän hadysalara has içgin gözegçilik etmek üçin MRT (magnit-rezonansly tamografiýa) enjamyndan peýdalanýarlar. Nätanyş ýerde beýnimiziň sag ýarym şary sähelçe sese ýa-da herekete-de biynjalyk bolup bilýär. Çep ýarym şaryň oňa görä çalt uka gidýänligi üçin ýarym oýalyk kellämiziň agyrmagyna çenli getirip bilýär.

― Beýnimiziň ýarym şarlary bilelikde işleýän bolsalar hem, käte olar garaşsyz herekete geçip bilýärler. Bu hereket nätanyş ýerde ýatylanda has ýiti ýüze çykýar. Şonuň üçin hem käbir adamlar öwrenişmedik ýerinde uklanda, sähel zada tisginip, gije birnäçe ýola oýanýarlar ― diýip, uniwersitetiň professory Ýuka Sasaki bu ýagdaý barada düşündiriş berýär.

Ýöne geçirilen barlaglar beýle ýagdaýlaryň, köplenç, öýdeçil, myhmançylyga ýa-da iş saparyna seýrek çykýan adamlarda bolýandygyny görkezdi. Ýygy-ýygydan meýdanda (iş saparlarynda) bolmaly bolýan adamlarda bu kynçylyk asla ýüze çykmaýar diýerlikdir. Çünki olaryň beýnisi bireýýäm islendik ýerde rahat uky alyp bilmäge uýgunlaşandyr.

Ýene-de okaň

Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygy üçin täze güwänama berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa komissaryny kabul etdi

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldilýär

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýarym finala çykdy

Ata Watan Eserleri

«Bäherden» keramiki önümler kärhanasy açyldy

Eýranyň ilçisi: Eýran Türkmenistanyň halkara parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar