TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Näme üçin dinozawrlar ýer ýüzünden ýitip gidipdirler?

Dinozawrlar 165 million ýyl ýer ýüzünde ýaşapdyrlar, emma, mundan 65 million ýyl ozal olar ýitip gidipdirler. Dinozawrlar  iň bir üstünlikli höküm süren jandarlar bolup, olaryň Ýerdäki wagty planetanyň taryhynyň 75 %-ni tutýar. Şeýle haýwanlaryň ýitip gitmegi ylmy barlaglaryň esasy meselesi bolup, häzirki wagta çenli paleontologlary aljyraňly ýagdaýa salýan soraglaryň biridir. Ylmy derňewleriň ýyllaryna garamazdan, diňe 1980-nji ýylda dinozawrlaryň ýitip gitmeginiň subutnamalary kesgitlenildi.

Geolog Wolter Alwares bu teoriýany ilkinji bolup teklip etdi hem-de onuň ylmy topary 65 million ýyl mundan ozal hek asyrynyň ahyryndan mis asyryň başyna degişli bolan daşa öwrülen çökündili gatlaklary ýüze çykardy. Gazylyp tapylýan haýwanlaryň düzümi Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän ýokary konsentrasiýaly iridiý elementinden durýar, bu bolsa asteroidlerde we kametalarda köp duş gelýär. Alwaresiň çaklamagyna görä, 10 kilometr giňlikdäki asteroidiň ýer bilen çaknyşmagy dinozawrlaryň ölümine sebäp bolupdyr. Bu waka “Hekiň we Misiň ýitip gitmegi” ady bilen bellidir. Şeýle  asteroidleriň biriniň Ýukatana düşendigi anyklandy.

Magnit çaknyşma ýadro ýarag güýçlerinden millionlarça esse güýçli bolup ägirt uly harasatlara we bütindünýä ýangyn tupanyna getiripdir. Uly tupandan dörän tozan atmosfera ýaýrap birnäçe ýyllap gün şöhlesiniň öňüni tutupdyr, kislotaly ýagyşlar ýagdyrypdyr, temperaturany peseldipdir we dinozawrlaryň ýok bolmagyna getiripdir. Dinozawrlaryň tiz ýitip gidendigine garamazdan, köp alymlar olaryň şeýle ýagdaýda ýitip gidendigini bilen ylalaşýarlar. Emma başga ylmy maglumatlara görä, wulkanlaryň atylmagy bilen dinozawrlaryň ýok bolup gidendigini  aýdylýar. Käbirleri dinozawrlaryň keselläp ýitip ýok bolup gidenini aýdýar emma bu ylmy taýdan heniz tassyklanmadyk.

 

Aýnur ATAKULYÝEWA , Seýdi adyndaky TDMI-niň

“Daşary ýurt dilleri we edebiýaty” fakultetiniň talyby

ABŞ-nyň ilçihanasynda täze iş mümkinçiligi

 

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle