TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Nah ýüplükleriň uly tapgyry eksporta ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,4 million we 76,1 million manat bolan 15 geleşik baglaşyldy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilýär.

BAE, Gyrgyzystan hem-de Azerbaýjanyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň jemi 500 müň kg-ny satyn aldylar.

BAE-niň we Türkiýäniň wekilleri milli pulda umymy bahasy 11,2 million manat bolan 335 müň kg. nah ýüplükleriň dürli görnüşlerini satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar.

Beýik Britaniýanyň işewüri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman-senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen bir litrlik gaba guýulan 1%-li powidon-ýod ergininiň 12 müň sanysyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 438,4 müň manada deň boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 64,5 million manada granulirlenen tehniki kükürdiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar

Ýene-de okaň

Birža täzelikleri: türk işewürleri nah ýüplik aldylar

“Rosgeologiýa” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

Teswirle