TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Nagt däl hasaplaşyk siziň bähbidiňize

Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje giren “Cash back” atly hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmat “Halkbankyň” “Altyn asyr” aýlyk bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçireniňizde girdeji gazanmaga mümkinçilik berer.

Bu hyzmatdan kimler peýdalanyp biler? – Elbetde “Halkbankyň” “Altyn asyr” aýlyk bank kartlaryny ulanýanlaryň ählisi.

Bu hyzmatdan nähili peýdalanyp bolar? – Müşderileriň bank kartlary arkaly satyn alýan harytlary we ulanýan hyzmatlary üçin nagt däl görnüşinde amala aşyrýan hasaplaşyklarynyň umumy bahasynyň 1,5 göterimi kartyna gaýdyp berilýär.

Bulardan başgada “Cash back” hyzmatynyň üsti bilen bir aýyň dowamyndaky aýlyk kartyňyza gaýdyp gelen pul serişdeleriňiziň hasabyny hem bilip bolýar.

Bu maglumatlar her aýyň 25-ne SMS-habary arkaly siziň ykjam telefonyňyza iberiler. “Halkbanky” bizi täze hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýar.

Ýene-de okaň

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Teswirle