SPORT

Nagelsmann Germaniýanyň ýygyndysyna tälim berer

Ýulian Nagelsman Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna tälim berer. 36 ýaşyndaky tälimçi bilen 2024-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli şertnama baglaşyldy.
Şeýlelikde, Nagelsman Germaniýada 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda öz ýurdunyň milli ýygyndysyna tälim berer.

Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň futbol geňeşi ýurduň ýygyndysynyň şowsuz oýunlary sebäpli ýygyndynyň tälimçisi Hans Fliki wezipesinden boşadypdy.

Nagelsmann Germaniýanyň milli ýygyndysynyň 12-nji tälimçisi boldy. Şeýle hem ol ýurduň milli ýygyndysynyň ýaş tälimçileriniň biridir. Germaniýanyň ýygyndysyna tälim beren ýaş tälimçi 34 ýaşyndaky Otto Nerz bolupdy. Ol 1926-1936-njy ýyllarda Germaniýanyň ýygyndysyna tälim beripdi.

Germaniýanyň ýygyndysy oktýabr aýynda ABŞ-nyň hem-de Meksikanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Nagelsmann ozal Germaniýanyň “Hoffenheim”, “RB Leipzig” we “Bawariýa” toparlarynyň tälimçisi bolupdy.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1

Messi XXI asyryň iň güýçli futbolçysy

Kuraş boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy

Türkmenistan 3-nji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň Saud Arabystanyda muzeýi açyldy