SIZDEN GELENLER

Nädip benziniň sarp edilşini tygşytlamaly

Ilkibaşdan, bilmeli zadymyz: siziň wezipäňiz — benziniň sarp edilişini azaltmak däl-de, onuň artykmaç harçlanmagynyň öňüni almakdyr. Dürli görnüşli enjamlary ulanmak arkaly benziniň sarp edilişini iki esse tygşytlap bolýar diýen ýalan maslahatlar görnetin netijäni bermez. Dürli bilermenler — professional sürüjiler, awtosport türgenleri we awtomobil tehnikasy ugrunda işläp ýörenler hem size ýangyjyň sarp edilişini tygşytlamak boýunça ýeke-täk düzgünleri aýdyp bilmez. Bu babatda, her kim öz tejribesinden ugur alyp, her kim bir zady maslahat berýär. Hemmeleriň aýdýanlaryny jemläp, benzini tygşytlamagyň umumy formulasyny getirip çykarmaga synanyşdyk. Elbetde, benzin tygşytlamak babatda diňe maşynyň işleýşi birkemsiz bolan ýagdaýynda gürrüň edip bolar.

  1. Ilki bilen howa filtrlerini barlaň. Bu bary-ýogy birnäçe minut wagtyňyzy alar: ony çykaryp, ýagtylyga tutuň — eger-de ondan ýagtylyk geçmeýän bolsa, filtrleri çalyşmaga wagt geldi. Ýaramsyz howa filtri motora gelýän howa akymyny çäklendirýär. Netijede bolsa, artykmaç benzin harçlanýar.
  2. Sintetikanyň ýa-da ýarym sintetikanyň esasynda bolan şepbeşikligi pes «ýeňil» motor ýaglaryny ulanyň. Bu hili ýaglar ýangyjyň sarp edilişini 6% tygşytlamaga ukyplydyr.
  3. Şinalardaky basyşy barlaň. Doly ýel berilmedik tigirler yrgyldama garşylygyny ýokarlandyrýar, bu ýagdaýda ýangyç köp sarp edilýär. Ýatdan çykarmaň, diňe sowuk haldaky şinalaryň basyşyny barlamalydyr. Ýangyjy mümkin boldugyndan tygşytlamak üçin, basyşy kadadan 0,3 bar artdyryp görüň. Podweska we kuzowa düşýän agramyň az-kem artmagyna garamazdan, ýolagçylar muny aňşyrmazlar.
  4. Ýol dykynlarynda hemişelik tizligi üýtgetmän saklajak boluň.
    Dykyn wagtynda maşynlar dessine gozganyp, dessine-de saklanmaly bolýar. Bu bolsa diňe bir artykmaç benzin harçlamak bilen çäklenmän, eýsem, awtomobiliň uzellerine hem artykmaç agramdyr. Eger-de, gürrüň belli bir derejede erkin hereket hakynda bolsa, birnäçe gün tizligi 90 km/sagatdan geçirmän sürüp görüň. Şonda ýangyç guýdurmak üçin öňküden iki esse az gidýändigiňizi görersiňiz.
  5. Gazyň pedalyna usullyk bilen basyň. Dessine bat almak — benzini boş harçlamagyň iň aňsat usulydyr, çünki bu ýagdaýda silindre köp mukdarda ýangyç iberilýär. Pes tizliklerde ýokary peredaçalary ulanmaň — bu hem ýangyjyň sarp edilişini tizlendirýär.
  6. Dessine tormaz bermejek boluň. Aýratyn hem bu karbýurator maşynlaryna degişlidir. Bu hili maşynlarda dessine tormoz berlende, boş aýlanyş žiklerden artykmaç mukdarda ýangyç sorulýar. Şonuň üçin hem tizligi gerekli ýerinde emaý bilen peseltmek üçin ýoldaky ýagdaýa üns bilen dykgat ediň.
  7. Kondisionerleri seýrek işletmek bolar. Kondisioner harçlanýan benziniň 5-den 20 %-ne çenlisini sarp edýär. Haçan-da benziniň mukdary aşa azalanda, kondisionerleri öçürip, aýnalary açyp siz belli bir derejede köp ýol geçip bilersiňiz.
  8. Maşynyň agramyna agram goşýan we howa garşylygyny artdyrýan ähli zatlary aýryň.
    Bulara şu zatlar degişli bolup biler: kryşada göterilýän bagažnik, týuning, bagažnikdäki gerekmejek zatlar we beýlekiler. Bu zatlaryň ählisi benziniň harçlanylyşyna ýaramaz täsir edýär. Öz tekerlerini has giňlerine hem çalyşmajak boluň. Aýratyn hem uzak ýola gidilende standart inçe tekerleriň ähmiýeti uludyr.
  9. Otlaýyş ulgamy. Otlaýyş ulgamynyň näsazlygy zerarly (sweçlaryň hapalygy, simleriň ýaramazlygy we beýlekiler) 30-40% benzin harçlap bolar. Elbetde, tehnika o diýen düşünmeýän adam üçin bu zatlaryň ählisine düşünmek kyn bolar, şonuň üçin hem degişli hünärmene ýüz tutmaly.
  10. Ýokary tizlik gymmada düşer. Ýokary tizlikdäki hereket bilen benzin tygşytlap bolmaz. Çünki aerodinamiki garşylygyň artmagy bilen benziniň sarp edilişi hem artýar. Aýnanyň ýa-da lýugyň açylmagy pes tizlikde ýangyjyň sarp edilişine az täsir edýär. Eger-de aýnany açyp hereket etjek bolsaňyz, onda goşmaça 0,2-0,5 litr benzin sarp edersiňiz.
  11. Artykmaç ýagtylyk – artykmaç litrler. Elektrik energiýasyny üznüksiz sarp edip oturan enjamlar gymmata düşýär. Zerurlyk bolmasa, aýnany elektrik galdyryylardan, yzky aýnany gyzdyryjydan, salonyň içini ýagtylandyryjylardan, oturgyçlary ýyladyjydan, kondisionerden peýdalanmaň. Mysal üçin, öçürilmegi ýatdan çykan kondisioner – her 100 kilometre 1,5 litr, yzky aýnany ýyladyjy bolsa – 0,4 litr ýangyç sarp eder. Elbetde, ýaramaz howada, dumanda, hatda gündiz hem ýakyna yşyk berýän çyralary ýakmaly bolanda tygşytlylyk hakynda gürrüň edip bolmaz.

 

 

                Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Aýnur Kuwatnyýazowa 

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda

Ykdysady özgertmeler – ösüşleriň binýady

Horezimşalar döwletinde nika gatnaşyklarynda Türkan hatynyň orny

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti