DÜNÝÄ

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Hafiz Zia Ahmad Tokal jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanda bölegindäki gurluşygy, Turgundi demirýol bekediniň kuwwatyny artdyrmak we Hyratdaky “Nur ul-Jihad” elektrik podstansiýasynyň gurluşygy ýaly taslamalary ara alyp maslahatlaşdy.

Owgan ministri Muttaki öz ýurdy tarapyndan TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygy bilen baglanyşykly galan meseleleri gysga wagtda tamamlap, bu taslamanyň iň ýüzünde durmuşa geçirlmäge başlamagyna tagalla etjekdiklerini aýtdy. Onuň bellemegine görä, Owganystanyň degişli edaralarynyň taslama boýunça kanuny resminamalary işläp tamamlaýandyklary bellenildi.

Şeýle hem Muttaki Owganystanyň degişli edaralarynyň Turgundi serhetýaka geçişleri boýunça infrastrukturanyň gurluşygy boýunça iş alyp barýandygyny belläp, ýakyn wagtda bu baradaky netijeleri türkmen tarapyna habar berjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy