TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Müsürdäki täze açyşlar

Doktor Zaha Hawassanyň ýolbaşçylygyndaky arheologiki topary, Müsüriň Kair şäheriniň günortasynda  ýerleşýän Sakkara nekropolunda täsin açyşlar etdiler. Ol ýeriň 10-12 metr ýer zemin çuňlugynda, täze patyşalyk döwrüne degişli miladydan öňki XVI-XI asyrlara çenli dowam edip gelýän, 52 sany daşdan ýasalan tabytlary tapdylar.

Arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Teti faraonyň aýalynyň jaýlanan ybadathanasyny we üç sany kerpiç ammarynyň galyndylary hem tapdylar. Gözlegler toparynyň ýolbaşçysy doktor Hawass özüniň “Facebook” sahypasynda beren maglumatlaryna görä, arheologlar heýkeljikler, keramika, palta, mazar örtükleri we hat ýazmak üçin gargydan taýýarlanan materiallary tapypdyrlar. Täze açyşyň 2021-nji ýylda Müsüriň arheologiýasynda iň möhüm waka bolup biljekdigi barada metbugat gulluklary habar berýär.

Müsüriň Sakkara şäheri “Ölüler şäheri” diýip hasaplanylýar. Ol ýerde 12 sanydan gowrak piramidalar, buthanalar, şeýle hem adamlar we haýwanlar üçin jaýlanan ýerler bar. Bu şäher ÝUNESKO guramasynyň bütindünýä sanawyna girýär. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa arheologlar Sakkarada takmynan 2500 ýyllyk 80-den gowrak daşdan ýasalan tabytlary tapdylar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle