Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mähriban käbäňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
Şu kyn pursatda Siziň Alyhezretiňize hem-de maşgalaňyza çuňňur gynanjymy beýan etmek bilen, Size we ýakynlaryňyza sabyr-takat dileýärin.
Merhuma beýik Allatagaladan rehmet dileýärin.
Mustafa ŞENTOP,
Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.
Merhuma Allatagaladan iman baýlygyny, Size hem-de maşgalaňyza bolsa sabyr-takat dileýärin.
Goý, Allatagala käbäňiziň jaýyny jennet etsin!
Binali ÝYLDYRYM,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy.