TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Muskyň kosmos internetiniň bahasy

Elon Muskyň eýeçiligindäki hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň hemra esasly global internet taslamasy “Starlink” -iň bahasy mälim edildi.

Hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň iň möhüm taslamalarynyň biri bolan “Starlink” kosmos internetiniň ilkinji synaglary ulanyjylaryň hyzmatyna açyldy.

“The Verge” habarlar gullugynyň habaryna görä, 499 dollar diýlip kesgitlenen hyzmatyň aýlyk tölegi 99 dollar bolar.  Şol habarlardaky maglumatlara görä, bu synag wersiýasynda 50Mb / s bilen 150Mb / s aralygyndaky tizlige ýetiljekdigi aýdylýar.  “SpaceX” ýene-de 60 sany kiçi emeli hemra orbitasyna çykardy we geçen hepde “Starlink” hemra ulgamy taslamasynyň çäginde 14-nji uçuryşyny amala aşyrdy.

Kompaniýa, “Starlink” hemralary bilen Ýer orbitasynda 12 müň hemra ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Taslama 2027-nji ýylda tamamlanmagy maksat edinilýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň Daşary işler ministrligindäki agzaçara gatnaşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentini gutlady

Täze Arkadag şäheri Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti ýurtlaryna tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle