HEKAÝALAR

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe  Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň  we   Türkmen halkynyň  milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny öwrenmek,  dünýä ýaýmak,  gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde,  raýatlaryň medeni durmuşa gatnaşygynda işjeňligi gazanmakda, ruhy  gymmatlyklara bolan  isleglerini   kanagatlandyrmakda  we medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmakda toplumlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygynyň ölçeg   gymmatlyklarynda we  taryhy-jemgyýetçilik hakykatlary çeper keşplerde  janlandyrmakda aýdym-saz sungaty uly orny eýeleýär. 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ,, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty’’ atly taryhy hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň  görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Döwürleriň ahlak, dil, gözellik taglymatlatyny,  folklor, amaly-haşam halk senetlerini, edebiýat we sungat eserlerini , ählumyumy zähmet medeniýetinden kemal tapýan  hyrydary, hümmeti egsilmejek  nusgalary, miraslary wasp, wagyz etmekde, watançylyk duýgularyň milli gymmatlyklarynyň  terbiýelemeginde bagşylaryň görelde mekdebi jemgyýetde uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Geçmişde mukaddes ata watanymyzda  medeni, maddy we ruhy gymmatlyklaryň täze görnüşlerini  döretmek,  milli saz gurallarynyň dürli nusgalarynda söz senediniň dürdänelerini aýdym edip aýtmak,  türkmen halkynyň medeni mirasyny toplamak, düşündirmek we halka ýaýmak  bilen bagly ählumumy  işlere  uly goşant goşan döredijilik ussatlaryň onlarçasy ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem Hally bagşydyr. Ählihalk söýgüsini, ezizligini we sarpasyny gazanan  mukam  bagynyň  bilbili  Hally bagşy 1859-1943-nji ýyllar aralygynda  yklymlaryň medeni, ylmy, sport diplomatiýasynyň merkezine, arassa daşky gurşaw we ekologiýa  syýasatyny üpjün etmekde hem-de  parahatçylyk söýüji maksatlary  we meýilleri dabaralandyrmakda halkara  derejesinde şöhratlanýan ýurdumyzyň  esasy hukuk-dolandyryş merkezinde-paýtagtymyzda ýaşap geçýär. Öz döwründe aýdym-saz sungatynyň ahal mekdebiniň iň uly, görnükli we meşhur wekili hökmünde ykrar edilip sazandarlaryň, gara gazmaly tamdyra, gyjaga we gargy tüýdüge dil bitiren  ussatlaryň onlarçasyny terbiýeläp ýetişdiren Hally bagşy  öz döwründe  doglan ýeri boýunça  ,,Köşüli bagşy’’  ady bilen hem hatyralanypdyr. Ol  mertebeli ykbalynyň irki ýyllarynda ylmyň horjun-horjun göwherlerini, edebi mekdepleriň çuwal-çuwal merjenlerini we ýazuw senediniň  gymmatlyklaryny özbaşdak öwrenmek bilen köplerden öte ýatkeşligi, çeper poeziýa sözleýiş ukyby, çuňňur, hyjuwly, düşbi  döredijilik ymtylyşlary,  hyýallary, üşükli nazarlary, höwesli, erjel, tutanýerli, ünsli, akylly  pikir ýörediş  başarnyklarynyň köptaraply  häsiýetleri  we  maksatly,  aýgytly, netijeli, dykgatly, özüneçekiji, adalatly, dostana   çözgütleri   çykaryp bilmek    ahlagy, ylhamy  bilen aýratyn   tapawutlanmagy başarypdyr. XIX asyryň ýetmişinji we segseniji ýyllarynda  bagşyçylyk sungatynyň  ahal şahasynyň  damana ýolunyň  Mämmet bagşy, Ýegenoraz bagşy, Halmyrat bagşy ýaly halk saz gurallarynyň tanymal halypalaryndan tälim alan Hally bagşy ýaşlygynda ýakymly, dury, arassa, açyk, belent we labyzly  sesleri bilen aýdym aýdyp köpleriň kalbyny gopsundyran  arzyly  toýlaryň, zynatly mähelläniň  bezegine, abraýyna  öwrülipdir. Çeperçilik sungatynyň taryhynda Hally bagşy görnükli dutar ussasy, ökde mergen, tanymal gyjakçy,  tüýdük ýasamak senediniň meşhur wekili hökmünde   tapawutlanmagyň hem  göreldeli nusgalaryny görkezen ussat  senetkär   hasap edilýär.  Saz bilen sözüň  tebygy sazlaşygynyň  guýmagursak şeýdasyna öwrülip owazly heňler bilen köpsanly muşdaklaryň teşneligini gandyran   Hally bagşynyň repertuar  goruny  50-ä golaý orta asyr  şahyrlaryň  200-e golaý dürli ölçegli, bentli  milli  aýdymlaryň hazynalary  bezäpdir. Sazlaryyň hikmetli dünýäleri  bilen bagry badaşan Hally bagşy XIX asyryň ikinji ýarymynda XX  asyryň başlarynda ýaşap geçen 20-ä golaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öňdebaryjy döredijilik wekilleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Milli medeniýetimiziň bagşyçylyk ugrunyň beýik sütünleriniň biri hökmünde ykrar edilýän Hally bagşynyň  aýdym-saz mukamlarynyň täze nusgalaryny döretmekde, tamdyra senediniň  goşa  tarlaryna dil bitirip dutar  çalmak  sungatynda milli mekdebiň täze nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny  ösdürmekde taryhy hyzmatlary aýratyn  uludyr.  Bagşynyň ýetişdiren 10-dan gowrak şägirtleriniň dürli ýyllarda  ýokary  Döwlet  sylaglaryna, hormatly atlara   mynasyp bolmagy guwandyryjy wakadyr.  Söz bilen sazyň jübütligi arkaly  ynsan  duýgularyny  ruhlandyran Hally bagşynyň gözellige gönezlik bolan gelin-gyzlara degişli  ,,Sallana’’, ,,Zülpüň seniň’’, ,,Saçyň’’, ,,Kim biler’’, ,,Teşnit’’, ,,Elden gider’’  we Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan 50-ä golaý  aýdymlary gaýtalanmajak nusgada  ýerine ýetiriş täsirliligi, tejribeleri, özüneçekiji öwrümli tilsimlerde, tärlerde, usullarda aýdyş ezberligi, zehiniň  tebygy dogumlylygy, tutanýerliligi  sungatyň altyn sahypalarynda  joşgunly, söýülýän  duýgular bilen durmuş sahnasynda  hatyralanyp gelýär. Sungatyň soňlanmajak söhbetlerinde  şägirtlerine   Gündogaryň  beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň  edebi mirasyndan  gurluşy, görnüşi, mazmuny we häsiýeti boýunça dürli möçberlerde  aýdym aýtdyrmak  arkaly  ak pata bermek  däbiniň başlangyjynyň   rowaçalanmagynda     Hally bagşynyň  durmuş edermenligi, gaýratly zähmeti we merdana keşbi  ilkinjileriň hatarynda dile alynýar. Sungatyň kämillik basgançaklarynda  ölmez-ýitmez yz galdyran,  ýaşy üç asyry arka atyp barýan  Magtymguly Pyragynyň we Annagylyç Mätäjiniň  hem-de  XIX asyryň onlarça şahyrlarynyň   eserleri, gazallary boýunça  gazma dutaryň perdelerinden şirin  owazlary almakda, taraşlanan  heňleri sünnäläp çalmakda, olaryň ýaýrawyny giňeltmekde, näzik, nepis we nepes edilen kakuwly, çekiwli, tirme  aýdymlary aýtmakda we  dilden-dile, nesilden-nesle  biziň bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetmeginde    Hally bagşynyň ady  bagşylar halkasynyň tylla kerweninde      kerwenbaşy senetkärleriň   iň ussatlarynyň  biri  hökmünde  mertebelenmäge mynasypdyr.  Türkmen tamdyrasyny dillendiriş hereketlerinde gollaryň, sesleriň ussatlygyny däl-de, milletiň ýürek didaryny, kalp mährini, halkyň çeperçilik batyrlygynyň güýjüni, çuňlugyny, beýikligini, jadysyny, umumylygyny  we mukaddesligini   gören Hally bagşynyň  kämil ozançylyk tejribeleri, sazandarlyk täzeçilligi  we  taryhy sahnadaky döredijilik mirasy    saz tebygatynda melhem beriji lukmanyň ussatlygyna meňzedilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman  Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän   ,,Ile döwlet geler bolsa’’, ,,Türkmen medeniýeti” atly kitaplarynda Hally bagşynyň döredijilik zehinini, durmuş ukybyny, ussatlyk mertebesini açyp görkezýän taryhy gymmatlyklara  ýokary baha berilmegi  kalbyňda watançylyk söýgüsini  has-da  kämilleşdirýär. Milli medeni baýlyklaryň, taryhy gymmatlyklaryň, ynsan zähmetiniň döredijilikli gözleglerinden  kemala gelýän hazynalaryň  döredilmegi, gaýtadan dikeldilmegi, aýawly saklanmagy, ösdürilmegi, ýaýradylmagy we peýdalanylmagy ugrunda atalyk aladalaryny edýän Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň  janynyň sag, mertebesiniň belent we döredijilik işleriniň  täze üstünliklere beslenmegini  arzuw edýäris!

Dädebaý Pälwanow, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri