SPORT

Muhammet Alyny ýeňipdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşan ozalky boksçy Leon Spinks aradan çykdy. Metbugat habarlarynda onuň 67 ýaşandygy aýdylýar.

Profesional karýerasyndaky sekizinji tutluşygynda öz döwrüniň iň güýçli boksçusy Muhammet Alyny ýeňen Leon Spinks dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyryp bilen şahsyýetdir.

Ol ömrüniň soňky ýyllaryny Las Wegas ştatynda geçirdi. Agyr kesele uçran ozalky boksçy anna gijesinde dünýä bilen hoşlaşdy.

Leon Spinksiň ýatdan çykmajak tutluşygy 1978-nji ýylda bolupdy. 15 raunda çenli çeken agyr tutluşyk ahyry Spinksiň peýdasyna tamamlanyp, ol Muhammet Alydan dünýä çempionlygyny alypdy.

Ýöne şondan 7 aý soňra Nýu Orleansda bolan ikinji tuluşykda Muhammet Aly 72 müň tomaşaçynyň öňünde Spinksi ýeňipdi. Spinksiň 1976-njy ýylda Montreal şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda altyn medala mynasyp bolandygyny hem ýatladýarys.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi