TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mourinýu iň gowy futbolçyny saýlady

Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň tälimçisi Žoze Mourinýo futbol taryhynyň iň gowy oýunçysyny saýlady. Portugaliýaly tälimçiniň pikirine görä, braziliýaly Ronaldo öňdeligi eýeleýär. Ol Ronaldony ökde hasaplaýar.

Onuň pikirne görä, soňky 15 ýyldan bäri ýokary derejede futbol oýnaýan ne Kristiano Ronaldonyň ne-de Lionel Messiniň  zehin we başarnyk boýunça braziliýaly Ronaldo bilen deň gelip bilmeýändigi mälim edilýär.

Mourinýo bu barada “Live Score” neşirine beren beýanatynda şeýle diýdi: “Bobbi Robson bilen “Barselonada” bolanymda, ony ömrümde gören iň gowy oýunçydygyna düşündim.duşuşyklarda alan şikesleri onuň futbol durmuşana täsir etdi. Bolmasa onuň futbol durmuşy has ajaýyp bolup bilerdi. Emma 19 ýaşly Ronaldonyň zehininiň ajaýypdygy bellemek gerek”.

Ronaldo tutuş futbol durmuşynda “Barselona”, “Inter”, “Milan”, “Real Madrid”, “Korintians”, “Kruzeýro” we “PSV” ýaly toparlarda çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy

Bellingem “Real” toparyna geçdi

43 ýyldan soňra kubok gazandy

Teswirle