TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mourinýonyň Rimdäki bady ýokardan boldy ― 10:0

Portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýo Rimiň «Roma» futbol klubynyň başyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. «Montekatini» topary bilen geçirilen bu ýoldaşlyk duşuşygy Žoze Mourinýonyň şägirtleriniň 10:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Geçen möwsümde «Tottenhemden» gaýdyp, karýerasyny Italiýada dowam etdirýän tejribeli tälimçi, şeýlelikde, täze toparyndaky ilkinji duşuşygynda uly hasapda ýeňiş gazandy. Dogry, bu gezekki garşydaş aşaky ligalaryň wekili. Ýöne Mourinýonyň bu bady onuň «Rim esgerleri» bilen bilelikde möwsümde uly yz galdyrjakdygyny görkezýär.

«Romada» Borha Maýoral üç gezek tapawutlanan bolsa, beýleki pökgüleri Rikkardo Kalafiori, Žanluka Mançini, Karles Peres, Nikolo Zaniola, Nikola Zalewski we Amado Diwara geçirdi. 9 boldy, şeýlemi? Bir pökgini bolsa «Montekatininiň» futbolçysy öz derwezesine geçirdi.

Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

 

 

Ýene-de okaň

“Ahal” topary ýurdumyzyň çempiony boldy

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Teswirle