TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Moto 3»-de türkiýeli türgeniň üstünligi

Motor sportlarynyň türkiýeli meşhur wekili, «Red Bull» toparynyň agzasy Deniz Önjü «Moto3» ― 2021 senenamasynyň 11-nji ýaryşyny ikinji orunda tamamlady.

Mundan ozal Barselonanyň Katalonýa sebitinde geçirilen ýaryşda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan türgen, bu gezek ― Awstriýada ikinji orun bilen oňňut etmeli boldy.

Hatarlanma tapgyrynda gowy netije görkezen Deniz Özjüniň «Red Bull Ring» toplumyndaky ýaryşa bäşinji bolup goşulandygyny aýtmak gerek. Muňa garamazdan, ol dessine üçünji orna çykmagy başardy. Ýaryşyň agramly böleginde Romano Fenati bilen birinji orun ugrunda göreş alyp baran türgeniň käbir bölümlerde iň öňdäki orna geçendigini hem aýtmaly. Ýöne käbir bölümlerde dördünji orna çenli yza galan Özjü ahyrsoňunda ikinji orunda tamamlady.

«Moto3»-de möwsümiň 12-nji ýaryşy 29-njy awgustda Angliýada geçiriler.

Robot it bazary gyzyşýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle