TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan Moskwadaky harby ýörişe gatnaşdy

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki meşhur Gyzyl meýdanda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly harby ýöriş geçirildi. Oňa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti hem gatnaşdy.

Russiýanyň Prezidenti – Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Serkerdebaşysy Wladimir Putin 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen harby ýörişe gatnaşdy. Bu harby ýörişe 13 müň harby esgerler bilen bir hatarda 216 harby tehnikalar hem gatnaşdyryldy. Şeýle hem harby ýörişde 75 uçar we dikuçar asman giňişliginden uçup geçdi.

Russiýanyň ýerli wagty bilen 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 12:00) başlan harby ýöriş dabarasy 1 sagat 30 minut dowam etdi. Oňa Abhaziýanyň Prezidenti Aslan Bžaniýa, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Günorta Osetiýanyň Prezidenti Anatoliý Bibilow, Bosniýa we Gersegowiniýanyň Prezidiumynyň serbler boýunça agzasy Milorad Dodik gatnaşdy.

Şeýle hem harby ýörişde Russiýanyň goşun düzümleri bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Mongoliýanyň, Serbiýanyň. Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň goşun birlikleri hem dabara gatnaşyjylaryň öňlerinden geçdiler.

Türkmenistanyň harby gullukçylary hem Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gatnaşan söweşindäki 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny alyp geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy maýynda paýtagtymyz Aşgabatda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirilipdi. Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly esgerler edermenligiň hem-de merdanalygyň, gahrymançylygyň, Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň 70 müňden gowragy orden-medallar bilen sylaglandy. 104-si Gahryman diýen belent ada, 15-si bolsa doly derejeli «Şöhrat» ordenine mynasyp boldy. Olaryň müňlerçesi Watany ýürekden söýüp, mähriban öý-ojagyny gorap, şol gazaply söweşlerde gara başyny gurban etdiler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle