SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Monreal — jahankeşdeleriň söýgüli şäheri

Monreal Kanadanyň ykdysady we medeni taýdan ösen şäherleriniň biridir. Ol Ýewropa yklymynyň özüne çekiji, köp milletli ajaýyp şäherleriniň biri hasaplanýar. Ony köpler «Kanadanyň Pariži» diýip atlandyrýar. Monreal dünýäde iň janly şeýle hem ajaýyp binagärçilik sungatyny özünde jemleýän şäherdir. Monreal Kanada-da iň köp syýahat edilýän şäherleriň biridir. Şäher 19 uly sebite bölünýär. Bu şähere her ýylda millionlarça jahankeşdeler myhman bolýar. Olar hem öz gezeklerinde Monreal şäherine syýahat etmek isleýän syýahatçylara özleriniň ajaýyp maslahatlaryny berýär. Biz hem şol maslahatlary öz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Halkara jazz festiwaly

Eger-de siz aýdym-sazy söýýän bolsaňyz, onda siz iýul aýynda Monreal şäherine gelmek maslahat berilýär. Çünki bu ýerde her ýylda Halkara jazz festiwaly geçirilýär. Oňa dünýäniň aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýeten 3 müňe golaý sazanda gelýär. Her ýylda bu festiwaly tomaşa etmäge gelýän adamlaryň sany 3 milliondan geçýär. Bu festiwal 10 gün dowam edýär. Olaryň arasynda käbiriniň girişi tölegsiz amala aşyrylýar. Bu konsertlere girip, orkestrleriň janly sazyny diňlemegiň lezzeti başgaça.

Monreal Botanika bagy

Monreal Botanika bagy dünýädäki iň owadan seýilgähleriň biridir. Onuň umumy tutýan meýdany 75 gektara barabardyr. Ol Kanadanyň milli owadan ýadygärligi şeýle hem dünýädäki iň möhüm botanika baglarynyň biri bolmagy başardy. Bagyň esasy aýratynlyklaryndan biri, dünýäniň dürli künjeginden ösümlikleri öz içine alýan ägirt ýyladyşhana toplumydyr. Şeýle hem, onda köp sanly açyk baglar bar. Şeýle hem Monreal Botanika bagynda Kanadanyň dermanlyk ösümlikleri bilen bir hatarda ýerli ösümlikleri gorap saklamaga gönükdirilen ýörite meýdançalar bar.

Geçmişi özünde jemleýän mekan

Monreal şekillendiriş sungaty muzeýi azda-kände her bir ynsany geçmişe ýakynlaşdyrýar. Monrealda köp sanly ajaýyp muzeý bar. Olar Kanadanyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna bagyşlanýar. Bu muzeýler şähere gelýn jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ilkinji düşelgesi hasaplanýar. Olar bu ýerde geçmişi özünde jemleýän bu gadymy şäheriň taryhy bilen bagly täsirli maglumatlar bilen tanşyp bilýär.

Keýpiňi çaglaýan ajap köçeler

Monreal şäherinde aýlanmaga, görmäge zatlar köp. Onuň asuda, owadan, ajaýyp köçelerinde seýil etmegiň keýpi başgaça. Sankt-Pol Monreal şäheriniň iň meşhur köçesi hasaplanýar. Onda lezzet almak üçin birnäçe restoranlar, ýadygärlik sowgatlyk dükanlar we çeperçilik galereýasy bar. Bu köçede adamlara hyzmat edýän islendik nokatlar amatly bahadan tapawutlanýar. Bu köçäniň dizaýn aýratynlygy, bagdyr bakjalar bu ýere gelýän adamlarda ýakymly täsir galdyrýar.

Şäheri bulutlaryň deňinde synla

Monreal şäherine ýokarydan synlamagyň aýratyn lezzeti bar. «Au Sommet» şäheri ýörite synlanýan ýer bolup ol şäheriň iň beýik ikinji binasynda ýerleşýär. Ol ýerde şäheriň merkezini, binalary, dagdyr derýalary päsgelçiliksiz görnüşleri görmek bolýar. Şähere gelýän jahankeşdeler, syýahatçylar bu ýeriň ajaýyplygyna haýran galýarlar we şähere syýahata gelýänlere bu ýere gelmegi maslahat berýärler.

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdy

BAE we Müsür 35 milliard dollarlyk syýahatçylyk zolagy gurar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: arzanlandylan biletleriň bahalary

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: 4 ugur boýunça biletleri arzanladýar

Ilçi Ferrari: Aşgabat-Milan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawlary ýola goýlar

Aşgabat-Jidda aralygyna ilkinji ýolagçy uçary gatnawyny ýerine ýetirdi