Modern Sahnanyň Arhaik Öwüşgüni: Rejissýor Öwlýaguly Hojaguly

“Zorotuştradan Nisşä çenli…” …gürrüň nokatdamyka?

Belki- de gürrüň biziň öz içimizdäki nokatdadyr. Belki- de şol nokatlarda dereje edinmegimizdedir! Belki- de ol nokatlar çüýe baglanan aýalarymyzdadyr, gurçuklar gemiren endamlarymyzdadyr, guýa atylan göwrämizdedir, ýöne hiç ölmedik ruhumyzdadyr…

Taňrym! Sen bizi gora! Gora: Kimden diýdinmi?

Hany, siz köçede ýeke özi nirä gitjegini bilmän, aglap duran çagany  gördüňiz-ä, şonda: “Ene- atasy nirdekä? Näme üçin köçede ýeke özi aglap ýörkä? Öýe äkitsem kim näme diýerkä? Ýa- da enesi – atasy bir ýerden çykaýarmyka? Beh… kimiň çagasyka? Ýa bararys: “Sen kim? Ejeň nirede?Kimiň çagasy?”- diýip sorarys, belki- de kakaň… Onuň parhy ýok. Ýöne ynsanyň şol çaga kibi ýalňyzlygy welin çyn! Bir- birege garaýyşlarymyzy şol çaga garaýşymyzdan egsildirmesekdik. Barymynyzyň o çaganyň ene- atasynyň bardygyny, onuň köküniň bardygyny, ýöne häzir ýanynda ýakdugyny duýuşymyz ýaly, biziň- de- ulularyň- da kökleri göklerde , ruhlardadygyny ýatdan çykarmamagymyz gerek. Belki- de ol ruhlar göklerde bir- birine şaha kibi baglanandyrlar. Kim biler?

Göklerden ruhy kök edinenlerden bolmak her kesiň hukugydyr.

Bu sadyk hakykat!

Siz ýylgyryberiň!

Barybir şeýle!

… Zaratustradan Nisşä çenli, Magtymgulydan Zülfükarowa çenli,

Möwlanadan Gýota çenli, Alyşir Nowaýydan Baýrona, Ostrowskiýden Çingiz Aýtmatowa, Tomas Mannadan Kobe Aba çenli, Lorkadan Lessinge çenli, Ýewripidden Dario Fo we Frans Rama çenli, Eshilden…  Şekispirden özüne çenli ruhy baglaryň köküne saralyp duran bir, modern dünýäniň arhaik sesine gulak beren derwüş hakynda meniň etjek bolýan gürrüňim. Baglary göklerde kök edinen, uzanan ýollardan sungaty saýlan, onda- da sungatlaryň bäş görnüşi: suratkeşlik, edebiýat, saz, aktýer, rejissura sungatyny birleşdirýän teatr sungatyna baglan, şu günki gün Aziýany Ýewropa, Ýewropany Aziýa teatr sungatynyň baglary bilen çatyp, sungatyň çyn gudratyny görkezmäge synanyşýan meşhur teatr rejissýory Öwliýaguly Hojaguly hakynda… Maestro hakynda…

 

Öwliýaguly Hojaguly hakynda

Halypaň teatr sungatynyň piri Şekspiriň diýaryna çenli uzyn ýoly türkmen sahnasyndan başlady. “ Pygamberler nalasy”, “Jelaletdin Meňburny” “Korol Lir” bu meniň gören sahna eserlerim…

“Solomeýa” , “Zaratuştradan Nisşä çenli” Özbegistan

“Gamlet” Germaniýa, Fransiýa,

“Tozanlykda tozan zenan”, “Medeýa” Eýran,Täjisigtan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Tatarystan, Hindistan, Ýaponiýa, Polşa, Türkiýa, Finlýandiýa, Italiýa, Germaniýa, Angliýa… Uzak kontinentleriň arasynda modern sallançagyny, gadymyýetiň ýüpi bilen üwremäge çalyşýan teatr dünýäsiniň ezberi dünýäniň nijeme teatr baýraklarynyň eýesidir.

“Ummasyz pul” Ostrowskiý,

“Ylga köpek deňziň gyrasy bilen” Çingiz Aýtmatow,

“Pygamberler nalasy” Tomas Manna,

“Tozanlykdaky zenan” Kobe Abe,

“Aşyklaryň soňlanmasy” Tikamas,

“Beýi düýşler” Zülfükarow,

“Solomeýa”Uýld,

“Zerewşan şal” Harşa,

“Syrly Hytaýly zenan” Nowaýynyň “Ýedi älem” eseri esasynda,

“Ganly toý” Lorka,

“Abyl-Kabyl” Baýron,

“Guşlar dili” Nowaýy,

“Medeýa” Ýeripid… Sanasaň sogaby bar…

Maestro bu gün teatr dünýäsiniň täze gapylarynyň açaryny eline alyp, syrly sungatyň täze öwüşgünlerini gözleýär.

Hemişe modern sungatyň yşgynda, emma ony hiç wagt hem gadym dünýäniň guýma kanunlarynyň gözelliginden aýra düşürip bolmajagyny aýdýar.

Bir işini ikinji gezek dürli ýurtlarda şol görnüşinde täzeden goýmany gyzykly görenok. Onuň sebäbini ol hiç belli bir toparsyz işleýänligi bilen düşündirýär. Dürli ýurtlaryň teatr laborotoriýasynda işlemek bilen spektakllarda synag etmek- ilkinji maksady. Çagyrylan ýerinde döredijilik topary bilen şo wagt tanyşýandygyny, şol ýerden eseriň ykbaly, döredijilik toparynyň ilkinji ruhy gatlagyny geçýändigini aýdýar. Şol bir sektakly ikinji gezek goýanynda eseriň çuňlugyny ikinji toparda synap görýändigini gürrüň berýär. Diýmek barylmaly, ýetilmeli nokatlaryň tükeniksizdigini özüne subut etmek üçin synagy täze açarlar bilen açyp, çuňluklary görmekçi bolýandygyny özüne ýene- de bir gezek subut edýär. Her gezek, her gezek täze synag edilendiginden ne özüniň, ne- de döredijilik toparynyň habary bar… Soňra, işiň içinden çykyp gaýdandan soňra kimdir biri soranda belki muňa göz ýetirýär. Ýöne şol baglaryň ählisinde – de modern sungatyň gadymy “ilgençeklerini” hiç sypdyranok. Rowaýatlara ýüzlenmäni başarýar. Ýöne täzeligiň üsti bilen. Şu güne ýüzlenýär rowaýatlaryň üsti bilen. Bu nähili beýle bolýar diýýärsiňizmi? Şeýle- dä!

Okap bilersiňiz  Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we...

Taňrynyň beren her gününde özüňi gözläp, täze syngalardan geçirmek, ölmez- ýitmez döredijiligiň esasy ýoly. Şol ýol bilen ruhlaryň baglaryny eline alyp, halkalap- halkalap, olardan medet gözläp, täze dünýäniň näzik baglaryna çatyp bilýän rejissýor- suratkeş bu gün iň gözel şekilde teatr giňişliginde täze nusga görkezmäge synanyşýar.

Ruhlary täze dogjak ruhlara, “çagany ene – atasyna ýiteninden soň täzeden köçeden tapyp tabşyrmaga” synanyşýar. Diýmek hossarsyz däl, sahna dünýäsi täzelige suwsaýar. Ol köçede haýsydyr bir sebäplere (belki- de müň sebäbe) görä ýetim galan bolsa- da onuň hossarynyň bardygyny duýdurýar.

Günümiziň wakalardan doly, çalt geçýän wagtyň hemişe sepinde galsaň, eýýäm bir zatlardan galýan zamanaňda, täzelik gerek.Sanly dünýäniň ynsanlary  täzelige suwsaýar.

Maestro bilen bir söhbetdeşlikde şeýle soraga jogap agtarýandygyny aýtdy.

“Bu günüň adamlaryna “öňküligi basgylaýarlar” diýip otyrmak bilen, belki biz ejizdiris, belki biz tomaşaça täze sungaty, has başgaça howany bermelidiris, bilmedim. Gadymyýeti täzelik bilen hem berip bolar ahbetin” – diýip, köp kelle döwülýär Ýewropada” diýdi.

Her işinde täze öwüşgin, täze tagaşyksyzlykdaky  sazlaşygy, döwükdäki gönüligi, sebäpsizligiň sebäbini, ýasamalygyň  originallygyny, garanyň agyny, agyň garasyny gözleýän, paradokslaryň sansyz tebigaty bilen “ýaka tutuşýan” Maestronyň öz nukdaýnazary bar. Ilki bilen artiste özüni açmana, soňra tomaşaça özüni açmaga “açar berýän” täsin rejissýor –suratkeş bu gün ädimme- ädim, gadamma- gadam Orta Aziýanyň teatr sungatyny Ýewropanyň teatr sungaty bilen çatyp, täze bir modern “kilmini” dokap barýar.

Frida Kalo baradaky eserinde bu hakykaty ýüze çykarýar. Londanyň Orzu.art teatrynda goýan “Frida” atly eserini bu gün Moskwanyň teatr.doc  atly teatry “Frida we Men” ady bilen başgaça eser bolup, tomaşaçylaryň öňüne çykýar. Çünki Maestro belli bir nokatda şol bir jansyz tebigaty köwüp däl- de janlaryň ýaşaýan älemlerine tarap giňişlik açyp, aňýetmez alyslyklara ýol arçaýar.Öz ýoluny. Sungatyň baky ýoluny. Möwlana Jelaletdin Rumy : “Nämäni gözleseň,özüňden gözle” diýip, sekiz asyr mundna öň aýdyp giden bolsa,bu gün Maestro özüne şol pikiri tassykladýar.Alys Gündogardan Gün asmana galanda onuň Demirgazygy hem ýylatmalydygy kanun. OL güýjüniň ýetdiginden dünýäni gujagyna gysýar. Men Maestrony teatr sungatynyň ýaşaýan planetasyny ýylatmaga güýji ýetjek şahsyýet hasaplaýan. Bu onuň öz işleri bilen gazanan subutnamasydyr.Her işinden mifik, antik, ýöne günümiziň täzeligini berip bilýän täze bir howany getirýän güne eýsem biz näme diýip bileris? “Modern sungatyň arhaik ysyny almak” diýmek düşer bize… “Maestro synaglaryň dowamly, modern sahna eserleň bu günki gün ýüregniň ritmi çalt, wagtyny juda gymmat hasaplaýan adamlaryň ruhuna şypa bersin! Sungatyň zemini gün kibi täze günüň çoguna gark etsin!”- diýip bileris!

Oguljennet Bäşimowa

 

Awtoryň beýleki makalasyny okamak üçin

Timur Kasymowiç Zülfükarow: Rudakiniň mawzoleýinde