TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Mobil telefonyň döredilen güni

Düýn 3-nji aprel tutuş dünýäde mobil telefonlaryň döredilen güni hasaplanýar. 49 ýyl mundan ozal, Nýu-Ýorkda ilkinji ykjam telefon peýda bolupdy.

Häzirki wagtda mobil aragatnaşygy dünýäde iň ýaýran aragatnaşyk ulgamlarynyň biridir. Her ýyl birnäçe milliard birlik sanda mobil telefonlar öndürilýär. Eýýäm köp wagtdan bäri bu tehnologik enjam aragatnaşyk guraly bolup durýar. Smartfonlar her gün adamlara ýüzlerçe hereketi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýanymyzda gündelik göterýän telefon enjamy sekuntda köp sanly amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ähli ýurtlarda smartfonsyz ýa-da ykjam telefonsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn.

Ilkinji ykjam telefony oýlap tapan “Motorola” kompaniýasynyň inženeri hasaplanýar. Martin Kuper 1973-nji ýylda habarçylaryň gatnaşmagynda mobil telefony arkaly öz dostuna ilkinji jaňy iberipdi.

Häzirki wagtda jübi telefony, adaty raýatlaryň gündelik durmuşynda gaty berk ornaşan kiçi kompýuterdir. Haçan-da, XIX asyrda ilkinji telefon peýda bolanda, hemmeler haýran galypdy. Telefon elektrik tolkunlaryny sese öwürmek arkaly abonentleriň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän enjamdyr. Ony oýlap tapyjy amerikaly alym Aleksandr Belldir. Ol adaty telefony 1876-njy ýylda oýlap tapypdy.

“Motorola” kompaniýasynyň inženeriniň oýlap tapan mobil telefony soňky ýyllarda AT&T we “Bell Laboratories” ýaly kompaniýalar tarapyndan kämilleşdirildi. Martin Kuper köp ýyllaryň dowamynda mobil aragatnaşyk enjamlaryny döretmekde iş alyp baran inženerdir. Ol awtoulaglarda-da mobil enjamlaryny ýerleşdirmek babatda iş alyp bardy. Onuň işläp düzen ilkinji mobil telefonlarynyň agramy adaty telefonlardan ýeňil bolandygy üçin köpleriň ünsüni çekipdi.

49 ýyl mundan ozal döredilen mobil telefon arkaly öz akkumulýatory bilen 30 minut, zarýad berijide bolan döwründe 10 sagat gürleşmek mümkinçiligi döräpdi.

Soňky ýyllarda mobil telefon bazary çalt depginde özgerdi. Täjirçilik maksatly köp sanly telefonlar öndürildi. Bahalaryň gymmatdygyna garamazdan, dürli amallary ýerine ýetirmek mümkinçiligi bilen telefonlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

“Motorola” -dan başga-da, täze öndürijiler jübi telefonlarynyň ösüşine we olaryň mundan beýläkki ösüşine goşuldylar. “Nokia”, “Siemens”, “Philips”, “Sony Ericsson”, “Benefon”, “Sharp”, “Samsung”, “LG”, “Apple” we beýlekiler iri kompaniýalar bu ugurda möhüm goşant goşdy.

Tehnologiýadaky ösüşler öndürijileri jübi telefonlarynyň dürli görnüşde we ululykda, şeýle hem işleýiş ulgamynyň kuwwaty babatda dürli kategoriýalara bölünmegine mümkinçilik döretdi.

Şagül Hemraýewa, TOHU-nyñ talyby.

 

Türkmenistan – sport ýurdy

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle