Miweli baglaryň hususy ösüş döwürleri – ontogenez. Miweli baglaryň tohumyndan ösüp çykyp, ulalyp, miwe getirip, garrap-gurap galýan döwrüne çenli ösüş aýratynlyklaryny öwrenýän taglymata – ontogenez diýilýär.Ontogenez miweli baglaryň jynslarynyň, görnüşleriniň hususy ösüşini öwrenmek bilen meşgul bolýan ylymdyr. Miweli baglaryň hususy ösüşiniň gelip çykyşynyň taryhyny öwrenýän ylyma – filogenez diýilýär. Ösüş – miweli baglaryň synalarynda ýyllaryň geçmegi bilen öýjükleriň köpelmegi, baldaklaryň ýognap şahalara öwrülmegi, bag sütüniniň ýognamagy, telpekligiň ulalmagy netijesinde bolup geçýär.
Ösüş döwri miweli bagyň synalary san we hil taýtan üýtgeýär. Kämilleşmek – miweli bagyň nahallaryny oturdyp, ösdürmek netijesinde ýaş we hasyl berýän baglary ýetişdirmek esasynda ýüze çykýar. Miwe nahallary 3-4 ýyldan soň kämilleşip hasyl berýän baga öwrülýärler. Ýaş bagda kämilleşmek netijesinde ýogyn hasyl getiriji şahalar peýda bolýar. Kämilleşmek-miweli bagyň ösüp, ulalyp hil taýdan özgermegidir.
Miweli bagyň miwe bermegi üçin baldaklary, pyntyklary, hasyl getiriji şahajyklary, uly şahalary kämilleşmeli bolýar. I.W.Miçurin miweli baglaryň hususy ösüş aýratynlyklaryny köp ýyllaryň dowamynda öwrenip, ontogenez barada ylmy taglymaty esaslandyrdy. I.W.Miçurin miweli baglaryň hususy ösüşini düwünçeklik – embrional, ýaşlyk, miwe getirýän we garraýan-guraýan döwürlere bölmegi teklip etdi.
Düwünçeklik ýa-da embrional döwri-gülde atalyk we enelik jynslaryň çaknyşdyrylyp täze düwünçegiň alynýan döwründen başlanyp, gülde emele gelen miwe düwünçegi ulalyp miwä öwrülýär. Ýetişen miweler ýygnalyp, çaknyşdyrylan gülden alynan ýetişen miweleriň tohumlary nahalhana üçin bellenilen ýerlerde ekilýär. Ýaşajyk miwe nahallaryň iki sany ýaprak çykaryp ösüp başlanmagy bilen düwünçeklik döwri tamamlanýar. Dürli atalyk we enelik gülleri özara çaknyşdyrylyp alynan tohumlaryň nahallarynyň hususy ösüş döwürleri biri-birine meňzeş däldir. Şeýle usul bilen yssy şertlerde ösdürilip ýetişdirilen nahallar yssa çydamly bolýarlar.
Düwünçeklik döwri ösdürilýän nahallary daşky tebigy şertleriň täsiri bilen terbiýelemek gowy netijeleri berýär, täze sortlary, gibridleri döretmeklikde seleksiýada giňden ulanylýar. Miweli baglaryň düwünçeklik döwri has çalt 1-2 ýylyň dowamynda tamamlanýar.
Gurbanmyrat Şanazarow, TOHU-nyň talyby.