TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Miweli  agaçlaryň nahallarynyň oturdylyşy

Hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň  başlangyçlary  esasynda  ýurdumyzda  miweli  we  saýaly  agaçlaryň  ösdürilip  ýetişdirilişini  artdyrmaga  uly  üns  berilmegi  döwletliligiň, rowaçlygyň, bolçulygyň  alamatydyr.Türkmenistanyň toprak-howa şertleri bagçylygy ösdürmek üçin örän  amatlydyr. Bagçylygyň ösdürilmegi ýetişdirilýän miweli agaçlaryň ýagdaýyna we  sortlarynyň kadaly gatnaşygyna bagly bolýar. Şunda ýokary hasyl berýän baglaryň  meýdanynyň giňeldilmegine aýratyn orun degişlidir. Miweli baglaryň düýbüni  tutmagyň esasy şertleriniň biri ýokary hilli nahallary ösdürip ýetişdirmekden  ybaratdyr. Nahalhanalarda ýokary hilli nahallaryň öndürilişini ýola goýmak üçin  olarda tohumçylyk işini alyp barmaly. Onuň üçin her nahalhanada baglaryň  önümçilige ornaşdyrylan iň gowy sortlarynyň enelik bagyny döretmeli.Pes boýly peýwent edilýän bagy ösdürip ýetişdirmek we tiz köpeltmek  maksady bilen enelik bagyň düýbüni tutmaly. Olaryň önümçilige ornaşdyrylan we  geljegi bar bolan görnüşleriniň nahallaryny, ilkinji nobatda enelik baglaryň  düýbüni tutmak üçin ulanmaly. Önümçilige ornaşdyrylan we geljegi bar bolan baglaryň görnüşleriniň    hem-de sortlarynyň ýeterlik mukdarda çybyklaryny taýýarlamak üçin, nahalhanalarda enelik baglaryň düýbüni tutmaly, öňki saklanyp galan enelik baglarda  bolsa  seljerme  geçirip  sort  düzümini we  idegini  gowulandyrmaly.Baglaryň belli görnüşleriniň nahalyny ösdürip ýetişdirmek üçin nahalhanalaryň  ýöriteleşdirilmegi nahallaryň öndürilişini artdyrmaga we ýetişýän möhletini gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Ol etraplary we hojalyklary hem miweli baglaryň belli bir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirmäge şert  döredýär.

Nahallaryň köpeldilýän sortlarynyň dogry saýlanyp alynmagy, olaryň özara  gatnaşygynyň gazanylmagy nahallaryň sort arassalygyny saklamak iň esasy  wezipedir.Miweli baglaryň saýlantgy 1-2 görnüşiniň nahallary ösdürlilip ýetişdirilende  olaryň hilini gowulandyrmak aňsatlyk bilen başardýar. Şeýle ýagdaýda  agrotehniki çäreleri geçirmek üçin hem amatly şertler döreýär. Bu bolsa  nahallaryň oňat düýp alyp, hiliniň gowy bolmagyna öz täsirini ýetirýär.Nahalhananyň  birinji  meýdançasynda tohumlar  güýzde  oňat  bejerilen  topraga  ekilmelidir. Adatça  olar  ir  baharda  gögerýär. Şu meýdançada pewýent edilýän  esasy  bagyň  ýerinden  göçürilmän  ösdürilip  ýetişdirilmegi  nahallaryň oňat  hilli  çybygynyň bolmagy  üçin  amatly  şert  döredýär.Tohumdan ekilip gögeren ýaşajyk nahallara ideg etmek mineral dökünler  bilen iýmitlendirmekden, ýekelemekden, ösüş suwlaryny tutmakdan, hatararasyny bejerip, ýumşak saklamakdan, zyýankeşlere, kesellere we haşal otlara garşy  göreşmekden ybarat.Ýekelemek  işi  nahallaryň boýy 12-15 santimetre ýetende geçirilýär. Ösüş  döwründe 10-12 gezek suw berilýär we 2 gezek azotly dökünler bilen iýmitlendirilýär. Birinji gezek iýmitlendirmek maýda, ikinjisi bolsa iýulyň  başynda geçirilýär. Şonda her gezekde gektara 120-130 kilogram hasabynda  ammiak  selitrasy  berilýär.Nahalhanalaryň işiniň  gurnalmagy täze miweli baglaryň düýbi tutulanda,  ony oňat hilli nahallar bilen doldurmaga mümkinçilik berýär.Nahal oturdyljak ýerleri öňünden anyklap, ekişe taýýarlap goýmaly. Erik, alma ýaly miweli, uzyn daragtlaryň arasy 10 metrden az bolmaly däl. Nahallar inedördül görnüşde oturdylsa, olar howalanyp ösýärler. Şeýle ýagdaýda nahallara kadaly boý almaga mümkinçilik döreýär. Garaly, şetdaly, badam, behi ýaly miweli nahallaryň aralary 6-7 metr bolsa talabalaýyk bolýar.Nahallar täze ýerlere oturdylanda olaryň sapylan tarapy demirgazyk tarapa bolmaly. Şeýle edilende olar güýçli ýel bolan halatynda hem döwülmeýär. Köki ýaşajyk çybyklaryň oturdylan çukurlaryny giň hem-de çuň gazmaly. Çukuryň aşagynda biraz boz toprak guýup, nahaly oturdyp, onuň sapylan ýerine çenli gömmeli, üstüne bir bedre suw guýup, soň onuň düýbüni basgylamaly. Nahalyň gapdalyndan çykan maýda çybyklary gaýçy bilen gyrkmaly. Ýerden ýokary          80 santimetr ölçäp, nahalyň depesini kesip aýyrmaly.Ýere oturdylan ýaşajyk kökli çybyklar ýazyna pyntyklap, täze şahajyklary çykaryp başlaýar. Şonda, gelşikli görnüş berer ýaly edip agaçlary timarlamaly. Nahalyň ýerden 50 santimetr ýokary çykan pyntyklaryny eliň bilen tändirmeli. Ondan ýokarkylaryny bolsa, töwerekleýin deňagramly bolmagyny nazara alyp timarlamaly. Ösüp oturan nahalyň demirgazyk tarapyna gazyk kakyp, olary ýüp bilen gowşagrak daňmaly. Bu usul güýçli ýelde olaryň şahalarynyň  döwülmezligi üçin edilýär.

Agajan Muhyýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle