TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Miweler we ir-iýmişleriň peýdasy

Alymlaryň belläp geçmegine görä, güýçli reňk berýän pigmentleri öz içine alýan miweleriň öýjügiň täzelenmegine itergi berip, ýygyrtlaryň öňüni alyp biljekdigini görkezýär.

Alymlar miweleriň we ir-iýmişleriň gabygy näçe gara bolsa, deride ýaşarmak täsiri şonça-da güýçlidir. Reňk pigmentleri miwäniň UF gorag serişdesidir, bu ösümligi günüň aşa köp täsirinden goraýar. Bu tebigy boýaglar adam üçin hem peýdalydyr.

Mundan başga-da, häzirki dietologlaryň pikirine görä, gündogar iýmişleri – kişmiş, kakadylan erik, hurma we guradylan garaly beden ýaşlygy we ýürek sagdynlygy üçin has peýdaly nygmatlardyr. Bu iýmişler gadym döwürleden bäri türkmen saçagyny bezäp gelýär. Ir döwürler pederlerimiz çaý başynda ir-iýmiş iýipdirler.

Mysal üçin, kişmiş mikroelementlere we witaminlere baýdyr. Onuň düzümindäki ýod galkan şekilli mäziň işleýşini gowulandyrýar, kaliý, В topar witaminleri gan basyşyny peseldýär, şeýle hem bedeniň sowuklamasyny azaldýar. Nerw argynlygynda we ukusyzlykda kişmiş iýmek maslahat berilýär.

Guradylan garaly hem ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Onuň düzümindäki bor osteoporoza garşy göreşmäge ýardam edýär. Şeýle hem ol ganazlykda haýyrlydyr, onuň düzüminde antioksidantlar köpdür.

Ter miweleri, gök önümleri köpräk iýiň. Olar iýen naharlaryňyzyň tiz we oňat siňmegine ýardam berýär, aşgazanyň we iýmit siňdiriş ýollarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar, synalarda bolup geçýän madda alyş-çalşygyny tijendirýär, netijede, beden agzalaryny has-da sagdynlaşdyrýar we olaryň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar, ter miweler, tagamy datly ir-iýmişler şähdiňizi açýar, saglygyňyzy berkidýär.

üzümi witaminlere baý ir-iýmişler beden synalarynyň wagtyndan öň garramagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Şeýlelikde, gündelik iýmitiňiz köp dürli bolmalydyr. Bu saglyga has peýdalydyr. Nahar duzuny çäklendirmek hem örän peýdalydyr. Gündelik iýmitde nahar duzunyň agdyklyk etmegi, ýürege we gan damarlaryna güýçli täsir edýär.

Miwe Şirowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle