TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Miwe we gök önümleriň reňk boýunça peýdalary

Sagdyn iýmitlenmekde möhüm orun degişli bolan miweler we gök önümler, reňklerine görä köp dürli saglyk peýdalaryny hödürläp bilýär. Dürli reňkli miweleriň we gök önümleriň saglyga peýdasy uludyr.

Miwe we gök önümler bedeniň kadaly işlemegi üçin zerurdyr, sagdyn bolmak üçin sarp edilmelidir. Miwe we gök önümlerdäki ýokumly maddalar örän baý we sagdyn iýmitlenmek üçin amatlydyr.

Miwe ýa-da gök önümiň reňkine görä peýdalary barada öwrenmek aňsat. Reňkine esaslanyp, iýmitiň antioksidantlar ýa-da süýüm ýaly maddalara baýdygyny ýa-da ýokdugyny bilip bilersiňiz.

Banan, armyt, kokos, hoz, sarymsak, kömelek, sogan, ýaly ak we çal miweler we gök önümler käbir düwnük kesellerine garşy göreşde peýdaly häsiýetleri bar.

Dürli gözleglere görä, ak we çal reňkdäki gök önümleri iýmek insult howpuny peseldýär. Geçirilen gözlegler ak we çal miweleriň we gök önümleriň ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini azaldýandygyny belläýerler.

Ak reňkdäki miwelerde we gök önümlerde bar bolan gowy iýmitleriň arasynda C witamini hem bar. C witaminiň metabolizmanyň kadaly işlemegi üçin möhümdir.

Pomidor, tudana, malina, alça, garpyz, greýpfrut, turp, gyzyl kelem, gyzyl şugundyr we burç ýaly gyzyl reňkdäki miweler we gök önümler karotenoidleri we likopeni öz içine alýar. Bu maddalaryň ikisine-de antioksidantlar bar.

Gyzyl reňkdäki miweler we gök önümler suwa baý bolany üçin, kaloriýasy gaty pes. Gyzyl reňkli miweleriň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak üçin olary terligine iýmeli. Mundan başga-da, gök önümler we miweler nahar bişirmek usuly bolmazdan iýilse has peýdalydyr.

Alma, kiwi, hyýar, nohut, ysmanak, ýaşyl noýba, kelem, awakado ýaly gök reňkdäki miweler we gök önümleriň saglyga köp peýdasy bar. Ýaşyl reňkdäki miwelerde we gök önümlerdäki iýmitler gözüň saglygyna we ýürek-damar saglygyna goşant goşýar.

Gyzylgül Tañryberdiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

 

Hatarara toprak bejergisi

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle